«BITARAPLYK — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY, TÜRKMENISTAN — DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY» ATLY ÇÄRE GURALDY

402
28-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde «Bitaraplyk — ösüşleriň binýady, Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly üçünji Kararnamasynyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýä syýasatyndaky ornunyň barha pugtalanýandygyny, abraýynyň artýandygyny, geosyýasy we geoykdysady başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk baýramynyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanyşy türkmen döwletliliginiň nyşanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr. 

Wagyz-nesihat çäresinde göreldeli talyplaryň birnäçesine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň sowgatlary gowşuryldy hem-de talyp ýaşlar partiýa agzalygyna kabul edildi.

Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky Bitaraplyk syýasatymyzy dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52