Höwür möwsümine taýýarlyk we onuň geçirilişi.

674
Ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerinde dowarlaryň höwür möwsümi aglaba ýerlerinde oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde başlanýar we 40-45 günläp dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň demirgazyk sebitindäki hojalyklarda dowarlaryň höwür möwsümi 10-15 gün giç başlanýar. Höwür möwsümini geçirmegiň gijikdirilmegi ýa-da uzaga çekdirilmegi dowarlaryň gysyr galmagyna, şeýle hem owlak-guzy möwsüminiň gijä galyp, howanyň yssy döwrüne gabat gelmegine getirýär. Giç doglan guzular öriniň hümmetli gök otlaryndan ýeterlik peýdalanyp bilmän gowşak bolýar hem-de ösüşden galýar. Adatça, goýun malynyň jyns taýdan ýetişmegi 6-7 aýlyk döwründe başlanýar. Ýöne bu ýaşda olary höwre goýbermeli däl. Sebäbi ýaş mallaryň bedeni nesil öndürmäge entek doly derejede taýýar bolmaýar. Olar ösüp, kemala gelip, boýuny-inini almasa, göýdük bolýar hem-de ýokary önüm berýän sagdyn mal bolup ýetişmeýär. Şonuň üçin hem ýaş işşek goýunlary hem-de goçlary 1,5 ýaşynda höwre goýbermeli.
Höwür mowsümine taýýarlyk işlerine 1-1,5 aý öňünden başlamaly. Höwre gitjek ene goýunlaryň we goçlaryň sürüleri gözden geçirilip, olaryň garrylary, ýarawsyzlary aýrylyp, ýaşy boýunça aýratyn sürüler düzmeli. Höwür goçlaryň içinden şikeslilerini, tohumlylyk hili peslerini saýlap aýrmaly, süriniň üstini bolsa saýlantgy hem I derejeli ýaş tohum işşek goçlar bilen doldurmaly. Höwür möwsümini guramaçylykly we netijeli geçirmek üçin onuň takyk meýilnamasy düzmeli. Şonda möwsümiň geçiriljek ýerleri, guýular, örüler, haýsy süriniň nirede bolmalydygy kesgitlenmeli. Öriniň otunyň ýagdaýyna seredip, eger gerek bolsa, goşmaça ot bilen üpjünçilik işlerini hem göz öňünde tutmaly. 
Dowarlar emeli usulda tohumlandyrylýan ýerlerde tohumlandyryş nokatlary, agyllar abatlanyp goýulmaly. Tohumlandyryş nokatlaryna gerekli enjamlary, däri-dermanlary getirmeli. Möwsümde ulanyljak goçlar öňünden bellenmeli. Höwür möwsüminiň netijeli geçirilmegine esasy şert döredýän zat höwre goýuljak goýunlaryň we goçlaryň bu möwsüme gowy taýýarlanmagydyr. Dowarlardan sagdyn owlak-guzularyň köp alynmagy mallaryň guratlygyna bagly bolýar. Şonuň üçin dowarlaryň orta semizlikde bolmagyny üpjün etmeli. Şeýle mallaryň köpçülikleýin goç-tekä gelip, höwürden çykýanlygy maldarlara mälimdir.  
Mal bakmagyň inçe tärlerini, syrly tilsimlerini ele alan ussat çopanlar Ýaldyrak dogandan soň dowarlaryny höwür möwsümine taýýarlamagyň aladasynda bolýar. Olar sonar örüleriniň belli bir bölegini höwür möwsümi üçin aýap goýýar. Şeýle çopanlar höwür möwsümine taýýarlyk döwri hem, möwsümiň geçýän döwri hem dowar sürüsini özüniň bakanyny gowy görýär. Güýz gyrkymyndan soň malyň endamyna şemal çalyp, onuň gan aýlanyşy gowulanýar, işdäsi açylyp, semremäge t taýýar bolýar. Ökde çopanlar bu ýagdaýdan ýerlikli peýdalanmagy başaryp, goýunlarynyň gurat bolmagyny gazanýar. Möwsüme höwür goçlary hem ähli taraplaýyn taýýarlamaly. Möwsümiň bir aý öňünden höwürde ulanyljak goçlaryň her birini günde 0,5-1 kilogram möçberinde iým bilen goşmaça iýmlemeli. 
Höwür möwsüminden öň goçlaryň sagatlygy weterinar hünärmenleri tarapyndan barlanmaly. Olardan barlag üçin gan nusgalary alnyp, laboratoriýalarda ýokanç bogunagyry (brusellýoz), epidedimit we beýleki ýokanç kesselerden saplygy anyklanylmaly. Meýilnama boýunça göz öňünde tutulan, keselleriň öňüni alyş weterinar çärelerini geçirmek işi doly tamamlanmaly. Höwre diňe sagat goçlary goýbermeli. Hojalykda bar bolan ene goýunlaryň tohum sürülerine diňe tohum sürülerden alnan saýlantgy goçlary, önümçilik sürülerine bolsa saýlantgy ýa-da I derejeli höwür goçlary goýbermeli. Höwüre goýmak erkin usulda amala aşyrylanda sürülere ene goýunlaryň 3-3,5 göterimi möçberinde, ýagny her 25-30 baş goýuna 1  goç goşulmaly. Goç goýberilenden 40-45 günden soňra höwür goçlary yzyna ýygnamaly. Höwürde bolup tapdan düşen goçlara aýratyn ideg etmek zerur. Şol döwürde höwür goçlaryň her birini 0,5 kilogram möçberinde ýokumly iým bilen goşmaça iýmläp, olary gyş möwsümine mazaly taýýarlamaly. Dowardarçylykda indiki ýyl alynjak owlak-guzularyň binýady şu wagtdan, ýagny höwür möwsüminde tutulýar. Tohumçylyk işini gowulandyryp, ene mallardan sagdyn nesil almak, höwür möwsüminiň guramaçylykly hemde öz wagtynda geçirilmegine köp derejede bagly bolýar. 
Öwezmyrat Çanlyýew 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallym öwrenijisi 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52