Oba hojalygynda telekeçiligiň guralyşy we dolandyrylyşy boýunça okuw maslahaty geçirildi
801Berkararlyk binýady berkden tutulan eziz watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň pähim paýhasyndan ruhlanyp ähli babatda ösen jemgyýeti kemala getirýär. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan ýeňişler, ýetilýän sepgitler ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda oba hojalyk pudagymyzyň senagatlaşdyrylmagy we bu pudagy has-da girdeýjili etmekde ykdysady çemeleşme örän möhüm orny eýeleýär. Ony ýokary derejede ýola goýmakda bolsa ilkinji nobatda her bir hünärmeniň maliýe sowatlylygynyň bolmagy zerurdyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän maslahatlarymyza, ylmy-tejribe duşuşyklarymyza ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenlermiz, telekeçilerimiz çagyrylyp, olar bilen tejribeler paýlaşylýar. Bu gezekki ylymlar günümizde geçirilen okuw maslahaty oba hojalygynda telekeçiligiň guralyşy we dolandyrylyşyna bagyşlandy. Okuw maslahatynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýet agzasy, Şamämmet Annaýew çykyş edip, ol ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda telekeçiligiň guralyşy we dolandyrylyşy boýunça maslahata gatnaşyjylara gürrüň berdi. Tejribeli hünärmen islendik edara kärhananyň çykdaýjy we girdeýji böleginiň dogry ýöredilmegini, öndürilýän önümlerden gazanylýan serişdeleri dogry peýdalanmaklygyň ykdysady ýollaryny birnäçe mysallary getirmeklik arkaly belläp geçdi. Şeýle-de oba hojalygynda hususy kärhanalarymyzda bäsleşige ukyplylygyň kemala gelmeginiň daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň mukdarynyň artmagyna oňyn täsir ýetirýändigini munuň üçin hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryna görä saýlanylyp alynmagynyň möhümdigini aýtdy. Çykyşyň esasy böleginiň oba hojalyk kärhanalarynda ykdysady işleriň talaba laýyk netijeli guralyşy boýunça bolmagy maslahata gatnaşan professor-mugallymlarda, talyp ýaşlarda, telekeçilerde we beýleki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tejribeli hünärmen bilen özara pikir alyşdylar. Täsirli we gyzykly geçen okuw maslahatynda çykyş eden hormatly myhmana minnetdarlyk bildirilip, ýurdumyzda telekeçiligiň islendik pudagynda zähmet çekýän her bir hünärmeniň maliýe sowatlylygynyň bolmagynyň ähmiýetiniň ýokarydygy aýratyn bellenildi.
Gülbahar Hydyrowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň mugallymy