Ýaş agrohimik

1098
«Ýaş agrohimik» ylmy gurnagy hem Agroekologiýa fakultetinde hereket edýär. Onuň agzalary ýurdumyzyň suwarymly ekerançylygynyň topraklarynyň melioratiw ýagdaýyny, topragyň düzümindäki çüýrüntgisiniň hem-de hereketlenýän fosforyň, çalyşýan kaliniň mukdaryny, şorlaşma derejesini kesgitlemek, toprak nusgalarynyň agrohimiki seljermelerini geçirmek, biogumus öndürmek boýunça ylmy-barlaglary alyp barýarlar. Bu babatda biogumus tejribehanasynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar.
2023-nji ýylyň noýabrynda «Ýaş agrohimik» gurnagynyň agzalary Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy institutynyň professor-mugallymlary, talyplary bilen onlaýn görnüşde geçirilen «Topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak we gurplulygyny ýokarlandyrmagyň innowasion tehnologiýalary» atly okuw-usuly maslahata gatnaşdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm