Kitaphana
10422S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň, halkara ölçeglerine laýyk derejede ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly döwrebap hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny birkemsiz durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilen. Kitaphanada 110 orunlyk okalgasyndan başga-da, döwrebap kompýuter programmalary esasynda gurnalan 50 orunlyk elektron okalgadan, şeýle hem ýokary tizlikli internet ulgamyndan professor-mugallymlarymyz we talyplarymyz bökdençsiz peýdalanýarlar. Şeýle hem, okuw ýylynyň dowamynda kitaphananyň elektron okalgasynyň işini kämilleşdirmek we ýurdumyzyň bilim edaralarynyň elektron kitaphanalarynyň bitewi ulgamyny döretmek hem-de ony internet ulgamyna birleşdirmek babatda alnyp barylýan taýýarlyk çäreleri bilen bir hatarda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça zerur bolan işler yzygiderli geçirilýär. Uniwersitetde okuw sapaklaryny giňişleýin özleşdirmek we ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işlerinde peýdalanmak üçin 500 müňe golaý kitap gaznasy bolan kitaphanada ähli döwrebap şertler döredilen. Uniwersitetiň kitaphanasynyň umumy gory täze neşirden çykan dürli ugurly döwrebap edebiýatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.