Ýaş alymlar geňeşi
6757Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Bu ugurda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň we onuň garamagyndaky Ýaş alymlar Geňeşleriniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Men ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýaryn. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr» diýip belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belleýär. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşinde we onuň düzüminde hereket edýän ylmy gurnaklarda bu ugurdaky işlere giň gerim berilýär.
Uniwersitetiň Ýaş alymlar Geňeşiniň düzüminde hereket edýän ylmy gurnaklar
Häzirki wagtda uniwersitetimizde 9 sany ylmy gurnak hereket edip, olaryň agzalary birnäçe ylmy-taslama işlerini alyp barýarlar. Olar:
1. «Ussat agronom»;
2. «Ýaş agroekolog»;
3. «Ýaş agrohimik»;
4. «Altyn damja»;
5. «Geljegiň inženeri»;
6. «Innowasion inžener tehnology»;
7. «Sanly tehnologiýalar»;
8. «Ýaş weterinar lukmany»;
9. «Dokmaçylar» ylmy gurnaklary.
Ýurdumyzda we halkara derejede geçirilen ylmy hem-de döredijilik bäsleşiklerinde gazanylan üstünlikler
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2024-nji ýylda ylmy işler boýunça geçiren bäsleşiginde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Hudaýberdiýew Ýaran Hudaýberdiýewiç 1-nji orna, Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy Annaýew Resul Gurtgeldiýewiç 2-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de, Ylymlar güni mynasybetli uniwersitetimiziň Ýaş alymlar Geňeşiniň guramagynda ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginde Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby Atamyradow Halmuhammet 1-nji orna mynasyp boldy. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetininň Oba hojalygyny mehnizimleşdirmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby Gurtgeldiýew Begenç 2-nji orna mynasyp boldy. Oba hojygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Wekilow Şöhrat 3-nji orna mynasyp boldy. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň 4-nji ýyl talyby Batyrow Kadyr 3-nji orna mynasyp boldy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň iýun aýynyň 05-ne Daşky gurşawy goramagyň bütin dünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiren ylmy-taslama bäsleşiginde Agranomçylyk fakultetiniň “Ussat agranom” atly ylmy gurnagynyň 4-nji ýyl talyby Ýazbaýew Mekan 1-nji orna mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň önümçilige öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bu ugurda oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmak meseleleriniň ähmiýetlidigi hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alyp, uniwersitetiň alymlary oba hojalygynda hasyllylygy artdyrmak, döwlet tabşyrygyndaky ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny, tohumçylyk-seçgi işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarladylar we hödürlediler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek bilen baglanyşykly alyp baran ylmy-barlag, amaly-önümçilik işleri, şeýle hem tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlarda ýerine ýetiren ylmy işleri esasynda «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysynyň I goýberilişiniň çap edilmegi uly ähmiýete eýedir.
Obasenagat toplumynda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň meýilnamasyna girizilen 12 tema boýunça netijeli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär. Okuw-tejribe hojalygynda we agromeýdançada ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Talyplaryň nazary bilimlerini tejribelikde kämilleşdirmekde Biogumus, Entomofaglar, şeýle-de, Ýüpek gurçugyny idetmek we tohumlandyrmak tejribehanalarynyň ähmiýeti uludyr.
2023-2024-nji okuw ýylynda talyplarymyz halkara we milli derejedäki ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Türkmenistanyň bilim ministrliginiň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigine uniwersitetimizden 42 talyp 14 dersden gatnaşyp, 7 sany 1-nji, 16 sany 2-nji, 15 sany 3-nji orna, jemi 38 orna mynasyp boldy. Şeýle hem talyplarymyz halkara derejesinde geçirilen olimpiadalarda 22 sany altyn, 42 sany kümüş, 45 sany bürünç medallary gazandylar. Ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda geçirilen birnäçe bäsleşiklerde uniwersitetimiziň talyplary üstünlikli çykyş edip 43-sany 1-nji, 70 sany 2-nji, 89 sany 3-nji orna, jemi 202 orna mynasyp boldylar. Döwlet derejesinde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda 16 sany I orna, 10 sany II orna, 17 sany III orna mynasyp boldular.