Sanly tehnologiýalar

563
Uniwersitetiň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň «Sanly tehnologiýalar» ylmy gurnagynda oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak hem-de işleri ulgamlaýyn alyp barmak boýunça häzirki zaman çözgütleri işlenip düzülýär. Onuň agzalarynyň taýýarlan «Akylly» ýyladyşhana», «Sanly oba hojalyk» taslamalary, «Fitoçözgüt» ykjam goşundysy hem-de «Akylly» işgär» roboty we beýleki täzeçil başlangyçlary ýurdumyzda geçirilýän ýaşlar, ylym-bilim forumlarynda we bäsleşiklerinde ýokary baha mynasyp bolýar.
2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimizde täze «Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)» taýýarlyk ugrunyň açylmagy bilen, gurnagyň işjeň agzalarynyň sany has-da artdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm