6901
Agroekologiýa fakulteti 2019-njy ýylda döredilen. Fakultetde 4 sany hünärler boýunça ýokary bilimli alym agronomlary, ýüpekçi agronomlary, tokaý hojalygynyň inženerlerini we 1 sany Agroekologiýa taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlary taýýarlanylýar:
- Agrohimiýa we topragy öwreniş;
- Ösümlikleri goramak;
- Ýüpekçilik;
- Tokaý we seýil bag hojalygy;
- Agroekologiýa (bakalawr derejede)
Hünärleriň we taýýarlyk ugrunyň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de olaryň ylmy-pedagogik tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen olar ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ekologiki esaslarynyň çuňňur ösdürilmegi, agroekologiýanyň gazananlarynyň özleşdirilmegi, netijeli we yzygiderli özgertmeleriň geçirilmegi, bu ugurda zähmet çekjek hünärmenleriň taýýarlanyşyna, täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Ýaşlaryň oba hojalygynda önümçiligiň derejesi, şol sanda, oba hojalygyny ekologiki taýdan kämilleşdirmegiň ýagdaýy bilen yzygider içgin gyzyklanyp, ösüşiň bar bolan meselelerini ýüze çykarmak hem-de olaryň ýokary netijeli çözgütlerini nazary we amaly taýdan işläp düzmek, meseleleriň ekologiki esaslaryna düşünmek, olary çuňňur özleşdirmek, edara-kärhanalarda işleri guramak we dolandyrmak, ulgamlaýyn seljerme işlerini geçirmek, takyk ekerançylygy alyp barmakda kompýuter-tehniki serişdelerinden we multimediýa enjamlaryndan netijeli peýdalanmak boýunça endiklerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Fakultetde dört sany kafedra hereket edýär:
- Ekologiýa kafedrasy;
- Tokaý we seýil bag hojalygy kafedrasy;
- Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasy;
- Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy.