Dokma önümçiligi

5692
Dokma önümçiligi fakulteti 1995-nji ýylda Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň düzüminde döredilip, bilim ulgamyny düýpli ösdürmek we kämilleşdirmek barada Gahryman Arkadagymyzyň edýän tagallalaryna laýyklykda 2010-njy ýylyň mart aýynyň başyndan özbaşdak fakultete öwrüldi. Fakultetde dört sany hünär boýunça inzener-tehnologlar taýýarlanylýar:
  • Pagtanyň ilkinji işlenilişi;
  • Tebigy süýümleri egirmek;
  • Mata önümçiligi;
  • Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy.
Fakultetde üç sany: Pagtany ilkinji işlemek, Dokma önümçiligi, Tikin önümçiligi kafedralary bolup, olarda tejribeli mugallymlar işleýär. Talyplar fakultetde pagta süýümini taýýarlamagyň, ýüplügiň egrilişiniň, matanyň dokalyşynyň, örülişiniň tehnologiýalaryny we tikilýän dürli egin-eşikleriň konstruirlenişini içgin öwrenýärler. Uniwersitetde taýýarlanylýan hünärmenleriň kär başarnyklaryny, şonuň bilen baglylykda geçirilýän okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak we nazary okuwlary önümçilik bilen baglanyşdyrmak hem-de talyp ýaşlarymyzyň milli tikinçilik sungatyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, fakultetde döredilen tikinçilik, halyçylyk, örmeçilik, taraçylyk okuw-tejribe otaglarynda talyplar bilen geçirilýän okuwlaryň önümçilik bilen utgaşdyrylyp geçilmegi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dokma we ýeňil senagaty pudagynyň dürli ugurlary boýunça birnäçe döwrebap kärhanalar, dokma toplumlary guruldy. Dokma senagaty toplumyny ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek fakultetiň baş maksady bolup durýar. 

Paýlaş

Agronomçylyk

Dokma önümçiligi fakulteti 1995-nji ýylda Oba hojalyk önümlerini gaý [...]

Agroekologiýa

Dokma önümçiligi fakulteti 1995-nji ýylda Oba hojalyk önümlerini gaý [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm