«AÇYK GAPYLAR» GÜNI GEÇIRILDI
309Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 15-nji martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçirildi.
Ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak we bu ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy işler, geçirilýän medeni-köpçülik, sport çäreleri bilen giňişleýin tanyşdyrmak maksady bilen guralan çärä Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň 12-nji synp okuwçylary işjeň gatnaşdylar. «Açyk gapylar» günündäki tanyşdyryş çäresine ýurdumyzyň welaýatlaryndaky orta mekdepleriň ýaşlary hem onlaýn arkaly gatnaşdy.
Tanyşdyryşyň dowamynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okadylýan hünärlerdir taýýarlyk ugurlary, uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, bilim ojagynyň maddy-enjamlaýyn binýady, şol sanda döwrebap okuw-tejribe otaglarydyr okuw merkezleri barada gyzykly sorag-jogaplar alşyldy. Ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler, gazanylýan üstünlikler ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle-de uniwersitetiň professor-mugallymlaryndan ybarat toparlar 2025-nji ýylyň 27-nji fewraly — 1-nji marty aralygynda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda iş saparynda bolup, 2025-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýan 12-nji synp okuwçylar we hünär-tehniki okuw mekdeplerini tamamlaýan talyplar, harby gullugy tamamlaýan harby gullukçylar, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar bilen duşuşyklary geçirip, olary hünärlere ugrukdyrdylar.
Ýakynda, has takygy, 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda hem uniwersitetde «Açyk gapylar» günleri geçiriler.
