«OBA HOJALYGYNDA BUHGALTERÇILIK HASABA ALNYŞY» ATLY TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

262
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylara gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Gurbangül Hudaýbergenowa, Mähri Kakajanowa, Ogultäç Rejepowa, Perhat Allamyradow dagynyň awtorlygynda taýýarlanan täze okuw kitaby 26 bapdan, 280 sahypadan ybarat. Kitaba oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy dersine degişli esasy meseleler girizildi. Bu temalar bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýär we oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmäge gönükdirilen döwlet ösüş maksatnamalaryndan ugur alýar. Onda hojalyk hasaby, onuň jemgyýeti dolandyryş ulgamyndaky ähmiýeti, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň dersi we usullary, buhgalterçilik balansy, buhgalterçilik hasabyň hasaplary, olarda hojalyk amallaryny ikitaraplaýyn ýazgy etmek, hasaplaryň toparlara bölünişi, hasap meýilnamasynyň gurluşy, resminamalaşdyrmak, tükellemek, esasy hojalyk hadysalarynyň hasaby, buhgalterçilik hasaba alnyşyň belliknamalarydyr hasabyň görnüşleri hakynda giňişleýin düşünje berilýär.

Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy dersi beýleki ykdysady ylymlar, oba hojalyk ylymlary bilen ýakyn arabaglanyşykda bolmak bilen, okuw kitabynda oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň meseleleri düýpli öwredilýär, hojalygy alyp barmak boýunça önümçilik meseleleriniň çözülişine degişli hasaplamalaryň alnyp barlyşyna seredilýär. Täze kitapda oba hojalyk kärhanalarynda buhgalterlik hasabyny guramagyň esaslary we wezipeleri, pul serişdeleriniň ykdysady mazmuny, hasabynyň wezipeleri, hasaplaşyk amallarynyň hasaby, borçnamalar, haryt-maddy ätiýaçlyklaryň hasaby, biologik aktiwleriň hasaby, esasy serişdeleriň hasaby, maddy däl aktiwleriň hasaby, ekerançylygyň harajatlarynyň hasaby, taýýar önümlerdir olary ýerlemegiň hasaby hakynda bilim-düşünjeler jemlenendir.

Bu kitapdaky önümçilik gorlary we haryt-maddy ätiýaçlyklary hasaba almak, zähmet haky boýunça hasaplaşyklaryň hasaby, kömekçi önümçilikleriň harajatlarynyň hasaby, senagat önümçilikleriniň harajatlarynyň hasaby, banklaryň karz amallarynyň hasaby, düýpli maýa goýumlaryň hasaby, maliýe netijelerini ulanmagyň hasaby, maliýe hasabatlylygyny taýýarlamagyň, düzmegiň esaslary hakynda maglumatlaryň giňişleýin, anyk beýan edilmegi möhüm ähmiýetlidir.

Kitap oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenilip, ondan oba hojalyk önümçiliginiň işgärleri we ýolbaşçylary, giň okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp biler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52