DAŞARY ÝURT DILLERINI OKADÝAN PROFESSOR-MUGALLYMLARYŇ OKUW-USULY MASLAHATY GEÇIRILDI
36616-njy aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda «Talyplara gepleşikleriň üsti bilen iňlis dilini öwretmekde innowasion usullary ulanmagyň ähmiýeti» atly onlaýn okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Bu maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasyndan» ugur alnyp geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini okadýan professor-mugallymlary gatnaşyp, özleriniň tanyşdyryşlary (prezentasiýalary) bilen çykyş etdiler.
Çykyşlarda gepleşik arkaly dil öwrenmek, talyplaryň daşary ýurt dillerini diňe bir nazary taýdan däl, eýsem, amaly taýdan hem özleşdirmekleri, bu babatda sanly tehnologiýalaryň, mobil programmalaryň, wirtual dialoglaryň, emeli aňyň we döredijilik oýun usullarynyň ulanylmagynyň ähmiýeti hakynda bellediler.
Bellenilişi ýaly, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýedir.
Şeýle-de maslahatyň dowamynda iňlis dilini öwretmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyk täze usullary, olaryň netijeliligi hem-de geljekde bilim ulgamyna ornaşdyrmak mümkinçilikleri dogrusynda pikir alşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar milli bilim ulgamynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maýa AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň diller
kafedrasynyň müdiri, uly mugallym.