TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI SERGI WE YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

465
23-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünliginiň ähmiýetini, ahalteke atlarynyň hoşgylawlylygyny, wepalylygyny hem-de ýurdumyzyň atly sportuny, sirk sungatyny giňden wagyz-nesihat etmek, dabaralandyrmak maksady bilen guralan, Beýik Ýüpek ýolunyň, onuň ugrundaky şäherleriň ösüşine bagyşlanan «Atlylar medeniýeti ýoly» atly sergi bilen tanyşdylar. Sergide atçylyga, milli seýisçilik sungatymyza degişli gymmatlyklar, okuw edebiýatlary görkezildi.

Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagynda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpa, ahalteke atçylygynyň, seýisçiligiň ylmy esaslary, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag, okuw işleri, türkmen bedewleriniň gadyr-gymmaty, sungatdaky we edebiýatdaky keşbi hakynda çykyşlar diňlendi. Alymlar, professor-mugallymlar ahalteke tohum atlarynyň dünýäde medeni atçylygyň döremegindäki we ösdürilmegindäki ähmiýetiniň uludygyny belläp, çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine salgylandylar. Maslahatda ussat seýis Aba Annaýewiň atlary seýislemekdäki baý tejribeleri paýlaşyldy, atlary idetmek, bejermek, bu ugurda dünýä tejribesi hakynda pikir alşyldy.

Bellenişi ýaly, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça işler pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmekden başlap, toplumlaýyn alnyp barylýar. Ahalteke bedewleriniň saglygyny goramak, olary talabalaýyk iýmitlendirmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiziň atçylygy ösdürmek, atşynaslaryň täze neslini kemala getirmek boýunça alyp barýan işleriniň miwesini berýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

Ylmy-amaly maslahat «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Ahalteke bedewi — eýýamlaryň bedewi», «Bedew atyň ýüwrük bolsun!», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde işini dowam etdi. Olarda Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde bedew temasynyň işlenilişi, «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawynda orun almagynyň ähmiýeti, Arkadag şäheriniň behişdi bedewleriň mekanydygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä atşynaslarynyň işlerini utgaşdyrýan guramadygy hakynda gürrüň edildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagynyň atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdaky ähmiýeti, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-barlaglarynyň ähmiýeti, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň milli sungatymyzyň kämillik mekdebidigi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şan-şöhraty, Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan Akhan ýaly meşhur bedewler barada çykyşlar diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyna salgylanylyp, Gadymy Änewiň ganatly ahalteke bedewleri bilen dünýäniň ösüşine tizlik beren toprakdygy hakynda aýdyldy. Ýurdumyzyň döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň hem-de athanalarynyň ähmiýetine, Türkmenistandaky atçylyk hojalyklarynyň önümçilik-hojalyk işlerini jemleýän döwlet dolandyryş edarasy bolan «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň alyp barýan işlerine, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Bedew — ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi. «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary beýan edildi. Şeýle-de bedew batly öňe barýan Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlaryna degişli ylmy barlaglar hakynda pikir alşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar ildeşlerimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Serdar ÇERKEZOW,  
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň weterinar 
lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52