Datly miwelerden bol hasyl almaklygyň ylmy çemeleşmeleri
846Elbetde, häzirkizaman ylmynyň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, täzeçil usullary ekerançylyga ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň babadaýhanlary we hususyýetçileri jan aýaman zähmet çekýärler. Esasy maksat ýylyň ähli paslynda ilatymyzy ýokary hilli miwelerdir, gök-önümler bilen ýeterlikli üpjün etmekdir.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ylmy-amaly maslahatymyzyň bu gezegi miweli agaçlary, has takygy karlik agaçlaryny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlandy. Häzirki wagtda ýer ýüzünde uly meşhurlyk gazanan karlik baglary alymlar tarapyndan Ýewropada döredilip, soňra Aziýa döwletlerine aralaşýar. Eýýäm birnäçe ýyl bäri telekeçiler tarapyndan biziň ýurdumyza karlik baglary getirilip, olardan bol hasyl alynýar. Geçirilen maslahatda hem bu babatynda daýhanlarymyz we telekeçilerimiz öz tejribelerini paýlaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatymyzyň başynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Güneşli miwe” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Rahym Ataýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkiýe döwletinden getirilen alma, armyt, şetdaly, çereşnýa ýaly karlik baglarynyň ýokary hasyl berýän sortlarynyň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilişi, karlik baglaryna ideg etmegiň aýratynlyklary, olardan hasyly zaýasyz ýygnamagyň we ammarlarda saklamagyň usullary hakynda gürrüň berdi.
Soňra ylmy-amaly maslahaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Nurýagdy Pirliýew dowam etdirip, onuň çykyşy esasan badam agajy we onuň miwesi hakynda boldy. Telekeçi eýýäm birnäçe ýyl bäri badam agajyny daşary ýurtlardan getirip, öz toprak şertlerimizde ýetişdirýändigi, oňa ideg etmegiň we bol hasyl almagyň ýollary hakynda gürrüň berdi. Maslahata gatnaşyjylar karlik agaçlaryny ýetişdirmekligiň ykdysady netijeliliginiň ýokarydygyny, ýewropa ýurtlaryna garanyňda olardan alynýan hasylyň biziň güneşli ýurdumyzda tagamynyň has datlydygyny aýratyn bellediler.
Gyzykly we netijeli geçen maslahatda oňa gatnaşan telekeçileriň, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň pikirleri diňlenilip, tejribeler paýlaşyldy. Şeýle-de oňa gatnaşyjylar indiki maslahatyň oba hojalyk ýerlerini sürmegiň we tekizlemegiň ylmy usullary bilen baglanşykly bolmagynyň netijeli boljakdygyny teklip berdiler.
Perman Kakaýew
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby