Hoşallyk maslahaty – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»

773
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde uly dabara beslenen hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu hoşallyk maslahatyna uniwersitetimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, myhmanlar, professor-mugallymlar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. 
Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly şygaryny tassyklady.
Üstünlikli geçen ýyllaryň hersine mynasyp at berilmegi döwletimiziň ösmeginiň möhüm tapgyrlaryna ünsi çekmäge we halkymyz üçin bähbitli wakalaryň artmagyna giň ýol açýar. Ýagşy niýetler bilen garşylanan täze, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkymyzda uly buýsanç döretdi, ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy.
Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşyny özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi ýaşlarymyzyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.
Maslahatda çykyş edenler 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň kanunalaýyk ýagdaýdygy we munuň özüniň nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýanlygyny aýratyn belläp geçdiler. 
Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy. 
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdigini nygtap, bu täze şygar bilen uniwersitetimiziň mugallymlaryny, aýratyn hem talyp ýaşlary mähirli gutladylar. Döwletimiziň ýaş nesillerine okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gülbagt Höwezowa
S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52