SAFLOR DERMANLYK WE ÝAG ÖSÜMLIGI HAKYNDA YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

392
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyplaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň temasy dermanlyk, ýag ösümligi bolan saflory ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmegiň, ony derman we azyk senagatynda peýdalanmagyň ähmiýeti barada boldy. Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Azat Gurbanow saflor ösümliginiň dürli keselleri bejermekdäki ähmiýetiniň uludygyny belledi. Ösümligiň güli ýokary gan basyşyny peseltmäge, kadalaşdyrmaga uly ýardam berýär.
Telekeçiniň aýtmagyna görä, saflor ýokumly ösümlik ýagynyň hem çeşmesidir. Şeýle-de, bu ösümlik suwy az talap edýär, ýetişýänçä 3 gezek suwarylýar. Saflor ýurdumyzyň howa şertlerine uýgunlaşandyr. 
Ösümlik tohumlary 4-5 sm çuňlukda takyk ekijiler arkaly ekilse, bol hasyl alyp bolýar. Ekin ekiljek topragy hapa-haşal otlara garşy dermanlamak, dökünlemek işleri ekişden öň geçirilýär. Bir gektara 120-150 kg azot, şeýle hem, 30-50 kg fosfor dökünini ekişden öň bermek maslahat berilýär. Saflor ösümliginden alynýan ýag ýokumlylygy, durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Duşuşykda hünärmenler saflor ösümligini ösdürip ýetişdirmegiň ýurdumyzda azyk bolçulygyna goşant goşmakda ähmiýetiniň juda uludygyny nygtadylar.

Akmämmedow Arslan, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm