ARKADAG SERDARLY, SAGDYN BEDENLI ÝAŞLAR

588
Şeýle at bilen 15-nji sentýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň açyk sport toplumynda talyplaryň arasynda medeni-sport dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde futbol, woleýbol, basketbol, kiçi futbol, tennis ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy. Sport toplumynyň türgenleşik meýdançasynda görkezme çykyşlary ýerine ýetirildi. Sport çäreleri medeni çykyşlar bilen utgaşyp, ýaşlaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýen sargytlary ýaşlarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrüldi.
Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, talyp ýaşlarymyzyň bedenterbiýe, sport bilen giňişleýin meşgullanmaklary, dürli sport-sagaldyş çärelerini geçirmek üçin ýokary okuw mekdebimiziň açyk hem-de ýapyk sport desgalary halkara ölçeglere laýyk derejä ýetirildi. «Bedenterbiýe» dersi boýunça okuw sapaklary häzirki zaman kämil usulyýetleri we tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlaryny esasynda okadylýar. 
Milli sportumyzy we bedenterbiýäni mundan beýläk hem ösdürmek, ýaşlarymyzy bedenterbiýe we sport hereketine köpçülikleýin çekmek maksady bilen, uniwersitetimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler geçirilip, toparlaýyn fakultetara ýaryşlar yzygiderli guralýar.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm