DAMJALAÝYN SUWARYŞ BARADA YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

511
16-njy sentýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, şeýle hem, beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň temasy damjalaýyn suwaryş hakynda boldy. Onda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Süleýman Mämmetmyradow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Azat Gurbanow we Şamämmet Annaýew çykyş etdiler.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň başynda Süleýman Mämmetmyradow Türkmenistanyň suw gorlary, damjalaýyn suwaryşyň ähmiýeti hakynda gürrüň berdi. Mugallymyň aýtmagyna görä, damjalaýyn suwaryş usulynda ekilýän ekine laýyklykda suwuň 30-50 %-i tygşytlanýar we ýeriň şorlaşmagynyň öňi alynýar. Damjalaýyn suwarmak netijesinde ýapgyt ýerler özleşdirilýär, zeýkeş çekmek zerurlygy ýüze çykmaýar. Şeýle-de, ekiniň hasyllylygy 40-50 % artyp, hatda ondan-da köp hasyl alyp bolýar.
Duşuşykda telekeçi Azat Gurbanow damjalaýyn suwaryşy ylmy esasda öwrenip, ondan netijeli peýdalanmak hakynda belledi. Damjalaýyn suwaryşy amala aşyrmak üçin, ilki bilen, ýerine ýetirilmeli işler meýilnamalaşdyrylýar. Ekin ekiljek ýeriň kartasy düzülip, toprak seljermesi geçirilýär. Telekeçiniň aýtmagyna görä, damjalaýyn suwaryş ulgamy hasaplama esasynda ýerine ýetirilende, juda oňyn netije berýär. Häzirki wagtda bu suwaryş ulgamynyň zerurlygy hem-de ähmiýeti örän uludyr. Onuň ulanylmagy suw ýetmezçiligi meselesini aradan aýyrmaga, suwy rejeli peýdalanmaga hem-de tygşytlamaga uly ýardam berýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýet agzasy Şamämmet Annaýew suwy tygşytly peýdalanmakda dünýä tejribesi, has takygy, Ysraýyl döwletiniň bu babatdaky alyp barýan işleri, suwy gaýtadan işlemek, rejeli ulanmak üçin peýdalanylýan häzirki zaman tehnologiýalar dogrusynda çykyş etdi. Hünärmeniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ekerançylykda suwaryşyň ýerüsti damjalaýyn, ýerasty damjalaýyn, ýagyş ýagdyrmak usullary ulanylýar. Bulardan başga-da, ulanylan suwy arassalamak, ondaky ýakymsyz ysy aýyrmak üçin dürli ösümlikler we mikroorganizmler hem giňden peýdalanylýar. Ýata suwuň zaýalanmazlygy üçin, oňa balyklar goýberilýär.
Duşuşykda hünärmenler ösen döwletlerde suwy gaýtadan işlemek, ondan rejeli peýdalanmak üçin alnyp barylýan işleri, bu babatdaky ylym-bilimleri öwrenip, ata Watanymyzyň suw baýlyklaryny gorap saklamakda peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny hem-de ähmiýetiniň juda uludygyny nygtadylar.

Seýis AMANGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 
dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm