POLŞADA GEÇIRILEN HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA ÜSTÜNLIKLER GAZANYLDY

438
9 — 13-nji noýabrda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde talyplaryň arasynda halkara matematika olimpiadasy (International Student Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2023) geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň onlarçasyndan, şol sanda Türkmenistandan, 30-dan gowrak ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Halkara olimpiada S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýazjuma Nurjaýew, Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 5-nji ýyl talyby Daýanç Kakageldiýew, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaby we audit hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ýaran Hudaýberdiýew gatnaşdy.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyry talyplaryň şahsy bäsleşigi görnüşinde geçirildi. Uniwersitetimiziň talyplary bu tapgyrda üstünlikli çykyş edip, bir sany kümüş we iki sany bürünç medala mynasyp boldular.
Ýeri gelende bellesek, olimpiada gatnaşyjylar algebra, kombinatorika, matematiki derňew, funksional deňlemeler, analitik geometriýa, çyzykly algebra,  ähtimallyklar nazaryýeti boýunça gyzykly we adaty däl meseleleri çözdüler.
Umuman, olimpiadada türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, şahsy hem-de toparlaýyn ýaryşlar boýunça jemi 8 sany altyn medal, 11 sany kümüş medal, 6 sany bürünç medal gazandylar. Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň depginli ösüşleriniň nyşanydyr.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm