ARKADAG ŞÄHERINDE TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ BINALAR TOPLUMY GURLAR
57217-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Onda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumyny gurmak başlangyjy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň adyndan köp sagbolsun aýdyldy.
Bellenişi ýaly, 16-njy noýabrda ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň durmuşynda taryhy waka boldy. Ýurdumyzda ilkinji döredilen ýokary hünär bilim ojaklarynyň biri bolan uniwersitetimiziň täze binalar toplumynyň gurulmagy oba hojalyk pudagyny kämil hünärmenler bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döreder. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek ýokary okuw mekdebimiziň binalar toplumy «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda gurlar. Onuň çäginde okuw otaglarynyň, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, professor-mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, sport toplumynyň we stadionyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Oba hojalygyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýan döwründe toplumda sanly ulgam, innowasiýalar binasyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Binalar toplumynyň golaýynda önümçilik-tejribe okuw meýdanynyň bolmagy talyp ýaşlarymyzyň nazary bilimlerini tejribede özleşdirmeklerine şert döreder. Bu ýerde ýurdumyz üçin strategik ekinler, miweli baglar, üzüm, gök we bakja, ot-iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Ýyladyşhana hojalygy, ýüpekçilik we ösümlikleri goramak boýunça alnyp barylýan işler has-da giň gerimde dowam etdiriler. Olar bilen baglanyşykly ylmy-barlaglar, önümçilik-synag işleri geçiriler.
Nygtalyşy ýaly, obasenagat toplumyna degişli täze binalaryň gurulmagy degişli ugurlaryň sazlaşykly ösüşine, bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyna, däneçiligiň, pagtaçylygyň, gök ekerançylygyň we maldarçylygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Gahryman Prezidentimiz görkezilen şekil taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň Arkadag şäherinde gurulmagynyň çuňňur manysynyň bardygyna ünsi çekdi. Dag etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlaryndan birigýän suwly akabalar taryhda bu ýerlerde daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edipdir. Arkadag şäheriniň arassa hem amatly daşky gurşawy ekologiýa taýdan ýokary hilli oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ylmy esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, talyp ýaşlaryň şöhratly pederleriň halal zähmet baradaky asylly ýörelgelerini içgin özleşdirmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini aýtdy.
Oba hojalygynyň, irki ekerançylygyň we maldarçylygyň ösen gadymy mekanynda — Arkadag şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurmak başlangyjy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleriniň rowaç, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Myratgeldi ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.