KÖMELEKÇILIK BOÝUNÇA TEJRIBE ALŞYLDY

394
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzda kömelekçiligi ösdürmegiň ylmy esaslaryna we tejribesine bagyşlanan ylmy-önümçilik duşuşygy geçirildi. Oňa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde kömelek ösdürip ýetişdirýän telekeçi Babasadyk Çüriýew hem gatnaşdy.
Telekeçi çykyşynda gelin kömelekleriniň ýetişdirilişiniň taryhy, ýurdumyza getirilip ekilip başlanyşy dogrusynda gürrüň berdi. Häzirki döwürde gelin kömeleklerini iň köp öndürýän hem sarp edýän döwletiň Hytaý Halk Respublikasydygy, gelin kömeleklerini esasy öndüriji ýurtlaryň tejribeleri hakynda aýdylanlar duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle-de iýilýän kömelekleriň saglyga peýdasy, olaryň düzümi we immuniteti güýçlendirmekdäki orny, bu peýdaly häsiýetleriň kömelekleriň idedilişine hem baglydygy hakynda gürrüň edildi.
Telekeçiniň döwrebap kärhanasynda ýylda 600 tonna kömelek, 6000 tonna kompost öndürmäge mümkinçilik bar. Öndürilýän önümler içerki bazarlarda ýerlenýär hem-de bu ugurda iş alyp barmak isleýänlere ýardam edilýär. 
Duşuşykda iýilýän kömeleklere halkyň isleginiň barha ýokarlanýandygy, bu ugurda önümçiligi has-da giňeltmegiň zerurdygy bellendi.

Tyllagözel AMANDURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm