MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE BAGYŞLANAN EDEBI-SAZLY DABARA GURALDY

554
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi boýunça ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleri tassyklamak boýunça kabul edilen Kararnama laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bu seneleriň sanawyna goşuldy. Türkmen paýhasynyň belent nusgasy bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý-dabarasynyň halkara derejede bellenmegi döwletimiziň we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň älem içre at-abraýyny has-da belende göterýär. 
Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebi-sazly dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow, uniwersitetimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giň mazmunly çykyş etdiler.
Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň adamzat üçin çäksiz hazyna bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Akyldar şahyryň arassa ahlaklylyk, ynsan gözelligine we  kämilligine,  ruhy arassalyga, wyždan päkizeligine bagyşlap ýazan goşgularynyň gadyr-gymmaty wagyz edildi. 
Edebi-sazly dabarada uniwersitetiň «Altyn asyr» medeni merkeziniň çeper höwesjeňleri we Türkmenistanyň at gazanan artisti, aýdymçy Amanmyrat Agaýew Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp etdiler, Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen goşgulary esasynda dörän türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. 
Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmäge giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri rowaç alsyn!
Alyhan SAPARGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk
fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm