ÝAŞLAR BAÝRAGYNA MYNASYP BOLAN ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLARYMYZY GUTLAÝARYS!

568
17-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu baýraga mynasyp bolan ýaşlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan degişli şahadatnamalar, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlaryň jemi 140-sy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldy. 
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň arasynda ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarynyň bolmagy guwanjymyzy hem-de buýsanjymyzy has-da belende göterýär. Uniwersitetimiziň mugallymlary Şahymuhammet Şahyýewi, Gülälek Allakulyýewany, dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Babamurat Baltaýewi hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ýazjuma Nurjaýewi gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! 
Selbi AGABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm