«UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKING» AGENTLIGINIŇ ŞAHADATNAMASYNYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

1366
Golaýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ýaşlar forumynyň çäklerinde «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna goşulan ýokary okuw mekdeplerine, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli şahadatnamalary gowşurdy. Şu mynasybetli uniwersitetimizde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejede üstünlik gazanmagy, abraýly sanawlarda orun almagy babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda nygtalyşy ýaly, dünýäniň on müňlerçe ýokary okuw mekdepleriniň arasynda milli bilim ojaklarymyzyň 8-si öňdäki orunlary eýelediler. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 6545 bal görkezijisi bilen dünýäniň 85 ýurdunyň 1183 ýokary okuw mekdebiniň arasynda 456-njy orna, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda 2-nji orna mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, Indoneziýa uniwersiteti (UI) 2010-njy ýylda «UI GreenMetric World University Ranking» bütindünýä uniwersitetler reýtingini esaslandyrdy. Onuň esasy maksady hünär okuw mekdepleriniň durnukly ösüş, ekologiýa babatdaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini bahalandyrmakdan ybaratdyr. Onuň geçen ýylky şygary «Durnukly uniwersitetleriň innowasiýalary, täsirleri we geljekki ugurlary» diýlip atlandyryldy.

Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen bilim ojagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha rowaçlanýar. Geçen ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň federal Döwlet býujet ýokary bilim edarasy W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda gazanýan üstünlikleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, ýurdy abadan bolsun, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri rowaç alsyn!

Oguldursun BERKELIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa 
fakultetiniň tokaý we seýil bag hojalygy 
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm