HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

1253
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýän bu eser ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata we sergä uly sowgat boldy. Bu kitabyň ilkinji sanynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberilmegi buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýän bu eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüler.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenmegi, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlaryna hem aýratyn orun berilmegi bizi buýsandyrýar.

Täze kitabyň «Halkymyzy buýsandyran hoş habarlar — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri» bölüminde, şol sanda «Bilim ulgamynda tapawutlanan ýaşlar» bölümçesinde ýokary okuw mekdebimiziň ýaşlarynyň 30-dan gowragynyň ady, gazanan üstünlikleri agzalýar. 

Hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti, döredijilik älemindäki gadamlarynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny dileg edýäris. 

Myratgeldi ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy 
fakultetiniň maldarçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm