ÝURDUMYZYŇ UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERINIŇ OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA INFORMATIKA OLIMPIADASY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRILDI
1274«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Informatika olimpiadasy geçirildi.
Olimpiada aýratynlykda 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda 3 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde guraldy. Onuň 1-nji (şäher, etrap) tapgyryna ýurdumyzyň çar künjeginden okuwçylar gatnaşyp, olaryň ýeňiji bolanlary 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. 2-nji tapgyr 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web-saýtynyň üsti bilen bilim portalynyň binýadynda onlaýn görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň 3-nji tapgyry 2024-nji ýylyň 5-6-njy fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. Jemleýji tapgyra 10-njy synplardan 45, 11-nji synplardan 44 okuwçy gatnaşyp, olar bäsleşige ýokary taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Aýratyn tapawutlanan okuwçylaryň 30-dan gowragy baýrakly orna eýe boldy.
Bäsleşige gatnaşan mekdep okuwçylary uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda «akylly» Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Olar täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman gazanylanlar bilen sazlaşykly utgaşýandygyny buýsanç bilen synladylar.
Olimpiadanyň netijeleri häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge, ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, ýaşlaryň informatika dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünär endiklerine ugrukdyrmaga ýardam berdi.
Informatika olimpiadasynda ýeňiji bolan okuwçylar ýokary okuw mekdebimiziň rektorlygy tarapyndan Diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.