UNIWERSITETIMIZDE «AÇYK GAPYLAR» GÜNI

545
30-njy martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda welaýatlardan hem ýaşlar gatnaşdylar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen içgin tanyşdylar. Olar uniwersitetde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat aldylar.

Professor-mugallymlarymyz ýaşlary uniwersitetde hereket edýän okuw merkezleri, tejribehanalar, sport toplumlarydyr meýdançalary, muzeýler we beýlekiler bilen tanyşdyrdylar. Olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda hem «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» günleri aşakda görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar:

Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefon belgileri: 34-07-77; 34-25-64; 34-27-09.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgileri: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefon belgileri: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgileri: 800564-6-00-83; 800564-6-07-84; 800522-6-30-82.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba 
hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy 
fakultetiniň maglumat ulgamlary we 
sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri, 
uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm