BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNE BAGYŞLANDY

430
5-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň sport toplumlarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar hem-de aýdym-sazly köpçülikleýin sport dabarasy geçirildi. Oňa uniwersitetiň ähli fakultetleriniň hem-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini geçirmek biziň içeri syýasatymyzyň strategik ugrudyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler geçirilip, toparlaýyn fakultetara ýaryşlar yzygiderli guralýar. Talyplarymyz halkara we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketine işjeň gatnaşyp, ýokary üstünlikleri gazanýarlar. 

Häzirki wagtda uniwersitetimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnaklar hereket edýär we talyplarymyz olara, yzygiderli guralýan türgenleşiklere, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Gurbangeldi REJEPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa 
taýýarlyk ugrunyň (bakalawr) 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm