MUZEÝE GEZELENÇ GURALDY

361
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň halypa mugallymlary we talyp gyzlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezine gezelenç etdiler. Talyp ýaşlar muzeý gymmatlyklary, milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalary hem-de ajaýyp sungatymyzyň inçe syrlary bilen içgin tanyş boldular. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, gelin-gyzlara nusga, görelde mekdebi bolan Ogulabat ejemiziň sünnäläp ýerine ýetiren nepis kürtesini, ören jorabyny hem-de alajasyny synlamak olar üçin  örän täsirli boldy. 

Zenan mugallymlarymyz we talyp gyzlarymyz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan nepis milli el işlerimiz, halylarymyz barada gyzykly söhbet etdiler. Şeýle-de türkmen gelin-gyzlarynyň sungatyny wasp edip düzen şygyrlaryny okadylar.

Ene-mamalarymyzdan miras galan milli sungatymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we geljek nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Maýagözel GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň
ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm