II MATEMATIKA WE FIZIKA INTERNET OLIMPIADASY GEÇIRILDI

705
16 — 18-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çar künjeginden 350-ä golaý okuwçy gatnaşdy.

Bu bäsleşik «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Olimpiada matematika we fizika dersleri boýunça 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň (tohu.edu.tm) üsti bilen bilim portalynyň binýadynda onlaýn görnüşinde göni wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Gatnaşyjylar Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Daşoguz welaýatynda Türkmen oba hojalyk institutyna, Balkan welaýatynda welaýat Baş bilim müdirligine gelip, bäsleşige goşuldylar. 

Olimpiadada gatnaşyjylara dersiň okuw maksatnamasyna laýyklykda meseleler hödürlendi. Olary çözmek üçin jemi 180 minut wagt berildi. Okuwçylar ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda internet olimpiadasynyň ýörite programma üpjünçiliginden peýdalandylar. 

Bilim bäsleşiginiň netijesine laýyklykda, orun hasabynda Mary welaýatynyň okuwçylary 28 orun (jemi 51 bal), Lebap welaýatynyň okuwçylary 26 orun (jemi 49 bal), Aşgabat şäheriniň okuwçylary 21 orun (jemi 30 bal), Ahal welaýatynyň okuwçylary 11 orun (jemi 19 bal), Balkan welaýatynyň okuwçylary 11 orun (jemi 13 bal), Daşoguz welaýatynyň okuwçylary 4 orun (jemi 6 bal) eýelediler. Olar çekeleşikli geçen bäsleşikde ýokary taýýarlyk derejelerini görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleýji dabarasynda ýeňijilere medallar hem-de diplomlar gowşurylar.
  
Azamat AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň 
Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm