ÖNDÜRIJILIK GÖRKEZIJILERI BARADA YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

179
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda öndürijilik görkezijileri hakynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Ylymlar güni duşuşygynyň temasy edaranyň, kärhananyň öndürijilik görkezijileri hem-de olary artdyrmak dogrusynda boldy.

Duşuşygyň barşynda hünärmen Arslan Joraýew ýurdumyzyň dürli kärhanalarynda, edaralarynda dünýä tejribesiniň täzeçil dolandyryş hem-de guralyş usullaryny ornaşdyrmak, alnyp barylýan işiň netijeliligini artdyrmak dogrusynda çykyş etdi.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, «öndürijilik görkezijileri» diýlip atlandyrylýan «KPI», ýagny «Key Performance Indicator» ulgamy haýsy hem bolsa bir kärhananyň ýa-da guramanyň esasy  maksatlaryna ýetmekde alyp barýan netijeli işlerini ölçeýän görkezijilerdir. Öndürijilik görkezijileriniň maksatlary bolup ösüşi bahalandyrmak, degişli karar bermek, işgärleri höweslendirmek, iş ýagdaýyny gowulandyrmak, strategiýa bilen iş ýagdaýynyň arasyndaky baglanyşygy kesgitlemek çykyş edýär. Bu ulgamyň esasynda işde ýokary netije görkezen işgärleri maddy taýdan höweslendirmek arkaly alnyp barylýan işiň netijeliligi artdyrylýar. Iň esasy hem, öndürijilik görkezijilerini dogry ulanylyp, gerekli hasaplama işleri takyk ýerine ýetirilende, ýokary netijeleri gazanmak bolýar.

Duşuşygyň ahyrynda pudakda önümçiligiň guralyşynyň we dolandyrylyşynyň täzeçil hem-de netijeli usullary barada pikir alşyldy. 

Annamuhammet MÖWLAMBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň
Mata önümçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm