AHALTEKE BEDEWI — EÝÝAMLARYŇ BEDEWI

176
24-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagynda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpa, ahalteke atçylygynyň, seýisçiligiň ylmy esaslary, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag, okuw işleri, türkmen bedewleriniň gadyr-gymmaty, sungatdaky we edebiýatdaky keşbi hakynda çykyşlar diňlenildi. Professor-mugallymlar ahalteke tohum atlarynyň dünýäde medeni atçylygyň döremegindäki we ösdürilmegindäki ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

Ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça işler pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmekden başlap, toplumlaýyn alnyp barylýar. Ahalteke bedewleriniň saglygyny goramak, olary talabalaýyk iýmitlendirmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiziň atçylygy ösdürmek, atşynaslaryň täze neslini kemala getirmek boýunça alyp barýan işleriniň miwesini berýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

Ylmy-amaly maslahat «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Ahalteke bedewi — eýýamlaryň bedewi», «Bedew atyň ýüwrük bolsun!», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy  we takyk ylymlaryň orny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» atly bölümlerde işini dowam etdi. Olarda Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde bedewleriň waspy. ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawynda orun almagynyň ähmiýeti, Arkadag şäheriniň behişdi bedewleriň mekanydygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä atşynaslarynyň işlerini utgaşdyrýan guramadygy hakynda gürrüň edildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagynyň atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdaky ähmiýeti, Aba Annaýew adyndaky döwrebap obanyň atşynaslar hakynda aladanyň miwesidigi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-barlaglarynyň ähmiýeti, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň milli sungatymyzyň kämillik mekdebidigi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şan-şöhraty, Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan Akhan ýaly meşhur bedewler barada çykyşlar diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyna salgylanylyp, gadymy Änewiň ganatly ahalteke bedewleri bilen dünýäniň ösüşine tizlik beren toprakdygy hakynda aýdyldy. Ýurdumyzyň döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň hem-de athanalarynyň ähmiýetine, Türkmenistandaky atçylyk hojalyklarynyň önümçilik-hojalyk işlerini jemleýän döwlet dolandyryş edarasy bolan «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň alyp barýan işlerine üns çekildi. «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary beýan edildi.

Şeýle-de bedew batly öňe barýan Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlaryna degişli ylmy barlaglar hakynda pikir alşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar ildeşlerimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Mähri IŞANGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýeti 
öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm