GAZAGYSTAN-NEMES UNIWERSITETINIŇ HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNDA ÜSTÜNLIK GAZANYLDY

456
10-njy maýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlary Gazak-nemes uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasyna gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi kabul edildi. Türkmenistan Gün tertibini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüşiň 17 maksadynyň ählisini ilkinjileriň hatarynda resmi taýdan kabul eden ýurt boldy.

Bäsleşik Durnukly ösüş maksatlarynyň «Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşma we innowasiýalara ýardam bermek» atly 9-njy maksadyna degişli «Şäherleriň durnukly ösüşi: innowasiýalaryň rejeli ulanylyşy we infrastruktura» ugry; «Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek» atly 13-nji maksadyna hem-de «Hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterliligini üpjün etmek» atly 7-nji maksadyna degişli «Howanyň üýtgemegi we arassa energiýa» ugry; «Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini saklap galmak we rejeli ulanmak» atly 14-nji maksadyna hem-de «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologiki köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» atly 15-nji maksadyna degişli «Suw we ýer serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak» ugry boýunça geçirildi.

Bäsleşik 2 tapgyrda geçirilip, günüň birinji ýarymynda oňa gatnaşyjylar test soraglaryna jogap berdiler. Günüň ikinji ýarymynda, ýagny 2-nji tapgyrda talyplar Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly taslamasy bilen onlaýn görnüşde çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara bäsleşikde işjeňlik görkezip, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Netijede, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Jora Džumakulow 1-nji orna mynasyp boldy.

Perman KAKAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk 
önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 
dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň 4-nji ýyl talyby,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Milli merkeziniň talyp hakynyň eýesi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm