ÇÖREK ÖNÜMLERI WE TEHNOLOGIÝASY BOÝUNÇA PIKIR ALŞYLDY
503Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde çörek önümleri we tehnologiýasy barada ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Talhan» restoranynyň aşpezleri, «Tutly ýap» hususy kärhanasynyň hünärmenleri çörek önümleriniň ähmiýeti, görnüşleri, öndüriliş tehnologiýasy dogrusynda çykyş etdiler.
Çykyşlarda bellenişi ýaly, çörek önümleri gündelik harçlanýan önümlere degişli bolup, olar özünde adam bedeni üçin zerur bolan birnäçe peýdaly maddany saklaýar. Çöregiň iýmitlik ähmiýeti onuň energetiki gymmaty, mineral maddalaryň düzümi we özleşdirilişi bilen kesgitlenýär. Çörek we çörek önümleri adam bedeniniň beloklara bolan talabynyň 25-30 göterimini, uglewodlara bolan talabynyň 30-40 göterimini kanagatlandyrýar. 100 gram çörek 200-330 kkal kuwwatlylygy berýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynda «Tutly ýap» hususy kärhanasynyň hünärmeni çörek önümlerini öndürmegiň tehnologiýasy hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynda çöregiň dürli görnüşleriniň öndürilişi dogrusynda çykyş etdi. Hünärmeniň bellemegine görä, çörek öndürmek üçin taýýarlanylan hamyr garylandan soň hamyr bölüji enjamyň ýokarsyndaky bunkerde 30-40 minudyň dowamynda saklanylýar. Soňra hamyr böleklere bölünmäge berilýär. Bölünen hamyra 3-5 minudyň dowamynda dynç berilýär. Hamyry bölmek, turşatmak we bişirmek tassyklanan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Käbir ýagdaýlarda unuň hilini göz öňünde tutmak bilen, hamyryň taýýarlanyş möhletini gysgaltmak üçin dikeldiji täsiri bolan adam saglygy üçin zyýansyz käbir maddalary ulanmak hem bolýar.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda ýurdumyzyň birnäçe hususy kärhanalarynda çörek önümleriniň öndürilişiniň täzeçil, häzirki zaman usullary boýunça pikir alşyldy.
Aknur AGALYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň
Mata önümçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby.