AÇYK ÝAŞLAR SUW BÄSLEŞIGINDE ÜSTÜNLIK GAZANYLDY

391
Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýurduň Ekologik taslamalar boýunça maslahat beriş institutynyň guran Russiýanyň açyk ýaşlar suw bäsleşiginde uniwersitetimiziň wekilleri üstünlik gazandylar.

Uniwersitetiň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ýaran Hudaýberdiýew, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kerim Meredow bäsleşigiň baş baýragyna, Gidromeliorasiýa fakultetiniň Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Süleýman Mämmetmyradow iň gowy ylmy taslamanyň ýolbaşçysy baýragyna eýe boldular.

Talyplar bäsleşige howanyň üýtgemegi şertlerinde Amyderýanyň howdanynyň dinamikasynyň gidrogeogiňişlik derňewi we çaklama modelirlenişi hakynda ylmy işi bilen gatnaşdylar. Bu iş howanyň üýtgemeginiň Amyderýanyň suw baýlyklaryna edýän täsirini öwrenmäge bagyşlanýar. Onda derýanyň suw baýlyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berilýär, soňky 50 ýylda gidrologik ýagdaýynyň üýtgeşmeleri seljerilýär, 2050-nji ýyla çenli howa ýagdaýynyň derýa akymyna täsiriniň çaklama modeli işlenip düzülýär.

Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de bäsleşigiň «Altyn balyjak» nyşany gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm