UNIWERSITETIŇ EDEBIÝAT BIRLEŞMESI DÖREDILDI
894Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde talyp ýaşlary edebiýata ugrukdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek ýaly täze eýýamyň ruhuna laýyk wezipeleri goýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen ýaşlaryna edebiýaty söýmegi, halkymyzyň taryhyny, ruhy baýlygyny, halkyň geçmiş-geljek şöhratyna buýsanyp ýaşamagy, döretmegi arzuw edýärin» diýen sözlerinden ugur alnyp, uniwersitetde okaýan we zähmet çekýän ýaş şahyrlaryň döredijiligini ählitaraplaýyn goldamak, halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini ösdürmek, söz sungatynyň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmek, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam etmek, nusgawy, milli edebiýatymyzy, dünýä edebiýatynyň görnükli nusgalaryny talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek, ýaş şahyrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Garagum» edebiýat birleşmesi döredildi.
Edebiýat birleşmesiniň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaralandyrylýan 2024-nji ýylda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döredilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Onuň işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini täze ruhda, giň gerimde ösdürmäge goşant goşar.
Birleşmäniň duşuşyklaryna, esasan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary we höwes bildirýän ähli kärdäki ýaşlar gatnaşyp bilerler. Şeýle-de onuň işine uniwersitetiň professor-mugallymlary, halypa ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler çekiler. Duşuşyklarda poeziýa, proza, žurnalistika bilen gyzyklanýan ýaşlaryň döredijiliklerine syn, degişli maslahatlar berler.