«MAGTYMGULY PYRAGY — ÄHLI DÖWÜRLERIŇ WE ADAMZADYŇ ŞAHYRY» ATLY ONLAÝN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

1023
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşkent döwlet agrar uniwersiteti bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly «Magtymguly Pyragy — ähli döwürleriň we nesilleriň şahyry» atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Oňa iki ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda uniwersitetimiziň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Täzegül Muhammetgulyýewa Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, pelsepesi, şygyrlarynyň adamzat üçin ähmiýeti hakynda çykyş etdi. Şeýle-de 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilişi barada gürrüň berdi.

Maslahatyň ahyrynda Daşkent döwlet agrar uniwersitetiniň Özbek dili we edebiýaty kafedrasynyň müdiri Saýýora Halmirzaýewa özbek edebiýatçylarynyň Magtymguly Pyraga aýratyn hormat goýýandyklary, onuň şygyrlar diwanynyň içgin öwrenilýändigi barada durup geçdi. Ol talyplary bilen bilelikde şahyryň özbek diline terjime edilen goşgularyndan birnäçesini ýatdan labyzly aýtdy.

Beýik şahyryň hormatyna bagyşlanyp geçirilen täsirli maslahat türkmen halkyna akyldar şahyryň arzuwlan zamanasyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen jemlendi.


Amanmyrat ÝARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma 
önümçiligi fakultetiniň Pagtany 
ilkinji işlemek kafedrasynyň müdiri.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm