YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

258
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleri bilen bilelikde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen ylmy-amaly maslahatda täsirli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça belent depginde alnyp barylýan belent maksatly işler, häzirki zaman ülňülerine laýyklykda ýaşlaryň döwrebap ylym alyp,  ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde  ýaş nesle berilýän ylym-bilimiň mazmuny hem-de hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň, Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, innowasion tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek tehnologik täzelikleri döretmegi we ýaýratmagy, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu bolsa bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berýär.

Maslahat ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapyp, döwrebap bilim özgertmeleriniň waspy ýetirildi.

Soňra maslahatyň işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi ösdürmegiň ugurlary», «Sanly bilim — ösüşlere badalga», «Oba hojalyk toplumynda bilim binýatly, ylmy esasly ösüşler», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär» atly bölümlerde dowam etdi. Maslahata gatnaşyjylar täze tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, ylym-bilimli ýaşlary ýetişdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Astanberdi DŽEPBAROW, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň Weterinar 
lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm