UNIWERSITETIMIZDE 2024-nji ÝYLYŇ JEMLERI: ÜSTÜNLIK GAZANAN PROFESSOR-MUGALLYMLAR, IŞGÄRLER WE TALYP ÝAŞLAR SYLAGLANDY
55126-njy dekabrda Täze ýyl baýramy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda üstünlik gazanan professor-mugallymlary, işgärleri we talyp ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabarada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti üçin uly üstünlikli, rowaç ýyllaryň biri bolandygy nygtaldy. Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary okuw mekdebimizde hem dabaraly bellenildi. Bu babatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Ýol kartasynda» uniwersitetiň öňünde goýlan wezipeler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli taýýarlan meýilnamamyz netijeli durmuşa geçirildi.
Uniwersitetimiziň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary baýramçylyklar hem-de şanly seneler, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralardyr çärelere, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Türki medeniýetiň halkara guramasy — TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelere uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Times Higher Education» guramasynyň «World University Rankings 2025» sanawyna goşuldy. Durnukly ösýän, «ýaşyl» ýokary okuw mekdebi hökmünde «UI GreenMetric World University Rankings» sanawynda mynasyp orun aldy.
Şanly ýylda ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandylar. Şeýle-de talybymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglandy. 2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününe bagyşlanylyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde uniwersitetimizden 2 sany ylmy iş bäsleşigiň ýeňijisi boldy we olar Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bilen sylaglandy. Uniwersitetimiziň 1 mugallymy hem-de 4 talyby Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iýun aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kitap okamagyň biraýlygy geçirildi. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Pähim-paýhas ummanynyň owazy» atly goşgular ýygyndysynyň neşir edilmegi biraýlyga ajaýyp sowgat boldy. Şeýle-de biraýlygyň çäginde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Garagum» edebiýat birleşmesi döredildi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Arkadag şäheriniň döredilmeginiň 1 ýyllygy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň netijesinde uniwersitetimiziň talyplarynyň 4-si baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Geçen aýda uniwersitetimizde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat guramaçylykly geçirildi. Onuň netijeleri nutuklaryň gysgaça beýany görnüşinde giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bilim ojagymyzyň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen matematika, fizika we informatika boýunça ders bäsleşigi, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepeleriniň talyplarynyň arasynda III açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy hem üstünliklere beslendi. III açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyna 30 döwletden 70-e golaý ýokary okuw mekdebiniň, şeýle hem ýurdumyzyň 25 ýokary okuw mekdebiniň 500 talyby gatnaşdy.
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini 28 hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça jemi 661 sany ýokary bilimli uçurym tamamlady. Şu ýyl ýokary okuw mekdebimizde täze açylan «Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy», «Zootehniýa» taýýarlyk ugurlary boýunça ilkinji magistrantlar okuwa kabul edildi.
Şu ýyl Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň 8 sany okuw kitaby çap edildi.
Golaýda gelip gowşan hoş habara görä, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigine uniwersitetimizden 42 talyp 14 dersden gatnaşyp, 12 sany 1-nji, 16 sany 2-nji, 10 sany 3-nji orna, jemi 38 orna mynasyp boldy. 2023-nji ýylda 7 talybymyz I orun alan bolan bolsa, 2024-nji ýylda olaryň sany 12-ä ýetdi. Bäsleşigiň jemlerine görä, umumy baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplarynyň sany boýunça iň öňdäki ýokary okuw mekdebi biziň uniwersitetimizdir.
Şeýle hem 2024-nji ýylda talyplarymyz halkara olimpiadalarda we ders bäsleşiklerinde 3 sany altyn, 2 sany kümüş, 9 sany bürünç medal eýelemegi başardylar. Şeýle hem 14 sany I orna, 18 sany II orna, 19 sany III orna mynasyp boldular.
Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen bilim ojagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha rowaçlanýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň 2-si we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 15-si 2024-nji ýylyň 14 — 21-nji sentýabry aralygynda, Şweýsariýanyň «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň Ýewropada öndürilýän döwrebap tehnikalary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadada Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ýazjuma Nurjaýew üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Indoneziýa Respublikasynyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde geçirilen VI halkara ylym we oýlap tapyş taslama bäsleşiginde 4-nji ýyl talyplarymyz Ýaran Hudaýberdiýew, Kerim Meredow aýratyn sylaglara we altyn medallara mynasyp bolmagy başardylar. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýurduň Ekologik taslamalar boýunça maslahat beriş institutynyň guran Russiýanyň açyk ýaşlar suw bäsleşigine uniwersitetimiziň wekilleri işjeň gatnaşyp, baş baýraga mynasyp boldular. Golaýda Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby Dawud Döwletow «Türki halklaryň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri Russiýa Federasiýasynda «Sirius» bilim merkeziniň guramagynda geçirilen Ýaş alymlaryň IV maslahatyna, Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) 68-nji mejlisine, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde VII Halkara balyk senagaty forumynyň çäklerinde geçirilen Balyk hojalygy pudagynyň III halkara ylym-bilim forumyna, Burýatiýa Respublikasynda geçirilen VII Baýkal ýaşlar forumyna işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de olar Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpon-Ata şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Halkara meýletinçiler forumyna, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň suw hereketi boýunça ýaşlar maslahatyna, Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «Geljegi bilelikde emele getirmek: Merkezi Aziýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary» atly energetika we daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maslahatyna, Almaty we Aralsk şäherlerinde geçirilen 6-njy Aral tomusky mekdebine, Kolumbiýa Respublikasynyň Bogota şäherinde geçirilen «UI Green Metric» atly 10-njy halkara okuw maslahatyna, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň akademiki birleşikleriniň wekilleriniň sebitleýin duşuşygyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ylmy institutlarynyň ulgamyny we olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça sebitleýin maslahata, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň basseýn guramalarynyň üçünji forumyna hem-de «Durnukly ösüş üçin suw» halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Şeýle üstünliklerimiziň hataryny ýene-de uzaldyp bolar. Bu görkezijiler biziň ählimiziň agzybirlikde, maksada okgunly, jogapkärçilikli hem-de döredijilikli zähmetimiziň, talyp ýaşlarymyzyň özlerine bildirilýän ynama mynasyp jogap berýändiginiň netijesidir.
Dabarada Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hem şeýle üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagy arzuw edildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.
Soňra Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym, oba hojalyk, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, talyp ýaşlara döwrebap bilim bermekde, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary, talyp ýoldaşlarynyň arasynda aýratyn tapawutlanyp, ýurdumyzda hem-de halkara derejede gazanan üstünlikleri üçin, ýokary okuw mekdebimiziň halkara abraýyny belende götermäge goşan şahsy goşantlaryny, ylym-bilim, döredijilik üstünliklerini, ýokary ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň belent sepgitler bilen jemlenmegi, Täze ýyl baýramy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlaryna, işgärlerine we talyp ýaşlaryna sylaglar gowşuryldy.
Dabara uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.