HAKATON

942

Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” hakaton bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň

DÜZGÜNNAMASY

      Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini oňyn çözmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň
Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda täzeçillikleri ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” hakaton bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Şu Düzgünnama “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” hakaton bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr.

1. Umumy düzgünler

        S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigi 2024-nji ýylyň 18-19-njy noýabrynda geçirilýär.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli uniwersitetiň tohu_hakaton@mail.ru elektron salgysynda hasaba alynýar.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigine 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigi toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Topar agzalary 3(üç) talypdan ybarat bolmalydyr. Topara öz aralaryndan bir agzasyny toparbaşy saýlamaklyga ygtyýar berilýär.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigine ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bir toparyň gatnaşmagyna hukuk berilýär. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň toparbaşysynyň toparyň agzalary tarapyndan saýlanan hem-de bäsleşigi geçirilýän wagtynda toparyň adyndan guramaçylyk çözgütlerini kabul etmäge we toparyň bähbitlerini gorap çykyş etmäge hukugy bardyr. 
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşik S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine gelip gatnaşmak tertibinde bellenilen senelerde kesgitlenilen wagtda geçirilýär.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigine hödürlenilýän meseleleri çözmek üçin 4 sagat wagt berilýär.

2. “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigini guramagyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
 “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigine gatnaşyjy toparlaryň ýüztutmalaryna seredýär we arz-şikaýat boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.

3. “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşiginiň esasy maksady
-Talyplarda kesgitli meseläni çözmekde täze ideýalaryň, pikirleriň döremegine itergi bermek;
-Talyplaryň döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak;
-Talyplaryň taslama işlerini ýerine ýetirmekde dürli maglumatlary birikdirip bilmek başarnyklaryny ösdürmek;
-Talyplaryň programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny
kesgitlemek;
-Talyplaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek;
-Talyplara giňişligi we logistikany dolandyrmada, sanlylaşdyrmada amaly meseleleri çözmekde geomaglumat ulgamlary we geomaglumat serişdeleri peýdalanmaklygy öwretmek;
-Talyplaryň geomaglumat ulgamlaryň, duýgur elementleriň kömegi bilen ýer şarynyň üstüni uzak aralykdan öwrenmek tehnologiýalaryny peýdalanmak endiklerini kemala getirmek hem-de kämilleşdirmek;
-Talyplara territoriýalaýyn meseleleri çözmekde döredijilikli pikirlenmek we toparlaýyn işlemek tejribelerini ösdürmek.

4. “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigiň şertleri
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşiginiň ýumşy kesgitli bir meýdanlar üçin geomaglumatlardan peýdalanyp taýýarlanylan goşundy programma üpjünçiliklerini, web-hyzmatlary, portallary, algoritmleriň toplumyny işläp düzmegiň endiklerini barlamaklyga gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşyjy bäsleşikde berlen ýumşy programmirleme dilleriniň, gurallar serişdeleriniň islendiginde ýerine ýetirip biler.

Bäsleşigiň temasy: Häzirkizaman geomaglumat ulgamlary uzak aralykdan üste galtaşmazdan seljermeler geçirmek (zondirlemek) bilen bagly maglumatlardan, mümkinçiliklerden peýdalanmak arkaly täze pikirleri öňe sürmek. Oň bar bolan taslamalary, işleri gaýtalamaly däl. Bäsleşige gatnaşyjylar aşakdakylary ýerine ýetirmelidirler:
-GMU taslama taýýarlamak;
-geoportal;
-web-hyzmat;
-mobil goşundy.

5. “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşiginde ulanmaga rugsat berilýän we gadagan edilýän gurluşlar
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigine gatnaşyjylara ulanmaklyga ygtyýar berilýär:
- umumy elýeterli geomaglumatlary peýdalanmaga;
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşikde ýatda saklaýjy gurluşlary şeýle hem el telefonlary ulanmak gadagan edilýär.

6. “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin Eminler topary döredilýär. Eminler toparynyň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigiň ýeňijileri emin agzalarynyň goýan ballaryny jemlemek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşiginiň netijeleri boýunça bäsleşigiň emin
agzalary tarapyndan iň gowy diýlip ykrar edilen toparlar “Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigiň ýeňijileri hasaplanylýar.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşikde emin agzalary talyplaryň zähmet usullaryna, her bir işiniň tehnologiki sowatlylygyna, ýumşuň wagtynda we dürs ýerine
ýetirilişine, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak talaplarynyň dogry berjaý
edilişine gözegçiligi ýerine ýetirýärler.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde ýeňiji diýip yglan edilenlere 1 sany baş baýrak, 2 sany I orun, 2 sany II orun, 3 sany III orun berilýär.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň I, II, III derejeli diplomlary bilen sylaglanýar.
“Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri” bäsleşiginiň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

Habarlaşmak üçin tel: +99365-63-36-44 (e-poçta: tohu_hakaton@mail.ru)

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm