Halkara bäsleşik — 2024

1909

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütin dünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek ylmy-taslama
bäsleşigini geçirmek hakynda

DÜZGÜNNAMA

I. Bäsleşigi geçirmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyz tarapyndan dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ata Watanymyzyň öňe sürýän parahatçylyk we howpsuzlyk, energetika hem-de ekologiýa babatdaky amala aşyrýan beýik işleri, teklipleri dünýäde uly goldawa eýe bolýar.  Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň Gün tertibiniň işlenilip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda hem dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary diýip kesgitlän 17 maksadynyň, ondan gelip çykýan 148 sany wezipäniň milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelere doly laýyk gelýändigi aýratyn nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş toparynyň döredilendigi we bu ugurdaky wezipeleri netijeli amala aşyrmak maksady bilen häzirki wagtda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, olar bilen bagly degişli halkara maslahatlaryň geçirilýändigi hem guwandyryjy hakykatdyr. 
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinde azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ugurlary aýratyn üns merkezinde durýan esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawda ekologik deňagramlylygyň bozulmagyny çäklendirmekden, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň möhüm ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir. 

II. Bäsleşigi geçirmegiň maksatlary

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ylmy-taslama bäsleşigini geçirmegiň maksady aşakdakylardan ybaratdyr:
- Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;
- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek;
- talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;
- aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;
- talyplaryň azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak ýaly meseleler boýunça bilimini artdyrmak;
- halk hojalygynyň dürli ugurlarynda azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak meseleleri boýunça talyplaryň özbaşdak işlemek we pikirlenmek endiklerini ösdürmek; 
- talyp ýaşlarda tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak dünýägaraýyşy we   ekologik medeniýeti kemala getirmek we terbiýelemek;
- Türkmenistan döwletimiz we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy we ekologik meselelerine talyplaryň ünsüni çekmek;
- talyplaryň azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça işlenilip düzülen  täze tehnologiýalar we ylmy täzelikler bilen tanyş bolmaklaryny üpjün etmek;

III. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi

Bäsleşik II tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň dili: türkmen, iňlis we rus
I tapgyr (saýlama tapgyr). Bäsleşikde kabul edilen 6 sany ugruň biri boýunça ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslama işiniň ýazgysyny (goşundy) 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron salgysyna (science.tm2024@gmail.com; habarlaşmak üçin tel.: +99365647291, +99364279607) ugradýar. 
 Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. II tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy uniwersitetiň we akademiýanyň resmi web-saýtlarynda 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda yglan edilýär.
II tapgyr (esasy tapgyr). Bäsleşigiň II tapgyry 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 1-5 aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň I tapgyrynyň netijesi boýunça saýlanan talyplar bellenen wagtda Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça Aşgabat şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, welaýatlardaky we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerindäki talyplar internet ulgamy arkaly online görnüşinde prezentasiýa bilen çykyş edýärler.
 
IV. Bäsleşige gatnaşýan taslama işleriniň taýýarlanylyşyna talaplar

Ylmy-taslamanyň ýazgylary 15-20 sahypadan ybarat bolmaly. Ylmy-taslamanyň ýazgysy ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setir arasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenmeli. Işiň titul sahypasynda bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň hem-de ýokary okuw mekdebiniň  ady görkezilmeli. Taslama işiniň maglumatlary degişli tema boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan, takyk ylmy maglumatlara esaslanan, aýdyň beýan edilen bolmaly. Ylmy-taslama diňe bir nazary maglumatlary däl-de, eýsem talybyň özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tejribe maglumatlaryndan hem-de alnan netijelerden ybarat bolmaly. Taslamanyň ady, temasy, täzeçilligi wajyplygy, maksady we onuň netijesi özara baglanyşykly bolmaly. Edebiýat çeşmeleri görkezilmeli. (Ylmy-taslamanyň golýazmasy türkmen, rus we iňlis dillerinde terjime edilen bolmaly).


V. Merkezi guramaçylyk iş toparyny döretmek we onuň işi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bäsleşigi geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk iş toparyny döredýär. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri girýärler.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň guramaçylygy, geçirilişi, tamamlanylyşy boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşigiň netijelerine baha bermekde gapma-garşylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, Merkezi guramaçylyk iş topary jedelli meseleleri çözmek üçin arz-şikaýat iş toparyny döredýär. Arz-şikaýat iş toparyna Merkezi guramaçylyk iş toparyndan we emin agzalaryndan hünärmenler girizilip bilner. Arz-şikaýat iş toparyň çözgüdi, Merkezi guramaçylyk iş topary tassyklandan soň, gutarnykly hasaplanylýar. Merkezi guramaçylyk iş topary ýeňijileri, işjeň gatnaşyjylary we guramaçylary sylaglamak boýunça teklip berýär.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň I tapgyrynda gelen ylmy-taslama işlerini jemleýär we seljerýär hem-de II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň sanawyny yglan edýär.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň II tapgyrynda talyplaryň ylmy-taslama işlerine seredenlerinde şu aşakdaky görkezijiler boýunça baha berýärler:



VI. Bäsleşigiň ugurlary

Bäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirilip, ylym bilen meşgullanýan ýaş alymlara özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezmeklige ýardam eder. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinden azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça aşakdaky berlen maksatlary bäsleşigiň degişli ugurlary hasaplanylýar:
1. Açlygy ýok etmek. Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygyň durnukly ösüşine ýardam etmek;
2. Arassa suw we arassaçylyk. Suw serişdeleriniň elýeterligini we olaryň rejeli peýdalanmagyny we hemmeler üçin suwuň arassalygyny üpjün etmek;
3. Elýeterli we arassa energiýa. Hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap serişdelerine umumy elýeterligi üpjün etmek;
4. Howanyň üýtgemegine garşy göreş. Klimatyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek;
5. Deňziň ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak;
6. Gury ýer ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Gury ýerleriň goragy we dikeldilmegi, olaryň rejeli peýdalanmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny we biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek.

VII. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak

Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Deň bal toplanan ýagdaýynda ýeňiji Merkezi guramaçylyk iş toparynyň agzalarynyň arasynda ses bermek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory  tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm