Weterinar lukmançylygy

6595

Weterinar lukmançylygy fakulteti 1930-njy ýylda döredildi. Häzirki wagtda fakultetde 1 sany hünär we 4 sany bakalawr derejesi boýunça hünärmenler taýýarlanylýar:
  • Weterinar lukmançylygy hünäri;
  • Zootehniýa taýýarlyk ugry (bakalawr);
  • Atçylyk taýýarlyk ugry (bakalawr);
  • Senagat balykçylygy taýýarlyk ugry (bakalawr);
  • Kinologiýa taýýarlyk ugry (bakalawr).
Fakultetimiziň talyp ýaşlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uniwersitetimizde uly işler alnyp barylýar. Hünär we taýýarlyk ugurlarynyň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, okuw işlerini netijeli guramak hem-de olaryň ylmy-pedagogik tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, olar ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär. Ýurdumyzyň maldarçylygyna, guşçulygyna, balykçylygyna we kinologiýasyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, bu ugurlarda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi weterinar lukmanlaryň, zootehnikleriň,atşynaslaryň,balykçylaryň we kinologlaryň taýýarlanyşyna täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Talyp ýaşlaryň degişli hünär dersleri boýunça düýpli bilimleri ele almak, bu ugurda ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan baş alyp çykarmak, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynda, balykçylyk hojalyklarynda, ,,Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetlerinde, degişli edara-kärhanalarda işleri sanly tehnologiýalar arkaly guramak we dolandyrmak, ulgamlaýyn seljerme işlerini geçirmek, kompýuter-tehniki serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça endiklerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Häzirki wagtda fakultetde dört sany kafedra hereket edýär:
  • Maldarçylyk;
  • Epizootologiýa we parazitologiýa;
  • Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek;
  • Jemgyýeti öwreniş ylymlary;

Paýlaş

Agronomçylyk

Weterinar lukmançylygy fakulteti 1930-njy ýylda döredildi. Häzirki wagtda fakultetde [...]

Gidromeliorasiýa

Weterinar lukmançylygy fakulteti 1930-njy ýylda döredildi. Häzirki wagtda fakultetde [...]

Agroekologiýa

Weterinar lukmançylygy fakulteti 1930-njy ýylda döredildi. Häzirki wagtda fakultetde [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm