Magtymguly Ylmy - Önümçilik synag merkezi

1797

1920-nji ýyllarda ýurda rezine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin häzirki Sankt Peterburgyň Bütinsoýuz ylmy-barlag ösümlikçilik institutynyň öňünde öz düzüminde kawçuk maddasyny saklaýan gwaýula ösümligini ösdürip ýetişdirmeklik esasy mesele bolup durýardy. Bu işleri ýerine ýetirmeklik akademik N.I.Wawilowa tabşyrylýar. Günorta-Günbatar Köpetdagyň tebigy şerti Meksikanyň gwaýula ösümliginiň ösýän ýeriniň şerti bilen gabat gelýänligi sebäpli, Garrygala etrabynyň gurak subtropiki şertinde kauçukpromhoz-5 önümçilik birleşmesi döredilýär.
Bu ýerde, gwaýula ösümligini ösdürip, ýetişdirmek we ony köpeltmek meselesi ýola goýulýar. Merkeziň döreýiş taryhy, etrapda gwaýula ösümligini ösdürip, ýetişdirmek bilen baglanşykly bolup durýar. Şeýlelikde, Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezi, Günorta-Günbatar Köpetdagyň gurak subtropiki şertinde ýerleşen ösümlikleriň nesil toplumlaryny öwrenilýän ylmy edara hökmünde Leningratdaky ösümlikleriň ylmy-barlag institutynyň Türkmenistan tejribe stansiýasy ady, bilen 1929-njy ýylda döredilýär. Emeli usulda kawçuk önderilip başlanandan soň, gwaýula ösümligini ösdürip ýetişdirmeklik üns merkezinden düşürilýär.
1930-njy-2009-njy ýyllar aralygynda merkeziň, öňünde Günorta we Günbatar Köpetdag eteklerinde ösýän miweli we subtropiki ösümlikleri ýygnap, saklamak, öwrenmek we olaryň oňat sort görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak işleri bilen meşgul bolmak meseleleri öňde goýulýar. Günorta-Günbatar Köpetdagyň özboluşly florasy, tebigy şerti, Günbatar orta ýer deňzi we Iran döwletiniň çygly, Günorta Kaspiý zonasy bilen gabat gelýär. Merkez geçen döwür içinde miweli we subtropiki baglaryň 15 (on bäş) görnüşinden 5000 (bäş müňe) golaý sort görnüşlerini daşary ýurtlardan getirilip, synagdan geçirildi. Häzirki günde, merkezde 8-sany subtropiki bag ösümlikleriniň genefondy döredilen, şondan: naryň-860, injiriň-92, badamyň-37, pissäniň-43, zeýtunyň-101, endabyň-59, hurmanyň-91, üzümiň-419, çigitli baglardan: almanyň-137, beýiniň-34, armydyň-34 sany görnüşi toplanylyp merkezde dünýä möçberinde iň uly, gory ýygnanylyp saklanylýar. Geçen, döwriň içinde merkeziň, alymlary tarapyndan hurmanyň-8, üzümiň-1, badamyň-2, ýumşak şänekli naryň-4 sany sort görnüşleri seleksiýa işleriniň geçirilmegi netijesinde döredilip önümçilige ornaşdyryldy. Mundan, başga-da ösümlik bag gorlaryny öwrenilmegi netijesinde olaryň içinden pissäniň-8, erigiň-17, şetdalynyň-13, üljäniň-15, alçanyň-15, armydyň-5, beýiniň-6 sort görnüşleri saýlanyp-seçilip sort synag uçastoklarynda synagdan geçenden soň, önümçilige ornaşdyryldy.
Öňki, soýuz respublikalary dargadylandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň meseleleri hakyndaky” 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndaky № 10458 belgili Kararynyň esasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döredildi.
Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Botanika institutynyň düzümine girizildi.
Belli bir, döwrüň içinde miweli baglaryň nesil gorlary ünsden düşürilipdir. Şol, sebäplere görä, merkezde alnyp barylýan ylmy işleriň derejesi peselipdir. Ösümlikleriň nesil toplumlarynyň saklanmagy ýaramazlaşypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň öňden görejilikli we parasatly kararlary netijesinde, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky 1087-nji kararyny esasynda Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezi S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna berildi we şol gününden başlap, ähli işler täzeçe gurnaldy. Geçen, döwrüň içinde birnäçe, ekspedisiýalara gidilip, ýerlerden miweli baglaryň dürli görnüşleri getirilip baýlaşdyryldy.
Merkeziň tutýan meýdany 734 gektar bolup, şonuň suwarymly ekerançylykda ulanylmaga ýaramlysy 123 gektar, dürli miweli we subtropiki baglaryň hem-de, üzümiň sort toplumynyň tutýan meýdany 19,5 ga deňdir.
Onuň esasy maksady, dünýä ösümlikleriniň nesil gorlaryny ýygnamak, saklamak, öwrenmek täze seçgi, sortlaryny döretmek-de ulanmak, ýerli ösümlik görnüşlerini öwrenip, olaryň gowularyny önümçilige ornaşdyrmak üçin standart görnüşine gabat, gelýän nahallary taýarlap bermekden ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk, gelýän ýerli miweli subtropiki, pürli, saýaly we bezeg bag sortlaryny döretmek üçin medeniýetleşdirilen dünýä ösümlikleriniň nesil gorlaryny hem-de, olaryň ýabany görnüşlerini seleksiýa, işlerinde netijeli ulanmak üçin toplamak merkeziň wajyp işi hasaplanýar.
Ýurdumyz boýunça ýerli we daşary ýurt seleksiýa sortlaryny toplamak işi, merkeziň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.
Gözleg, işleriniň netijesinde miweli baglaryň we üzümiň ýabany we ýarym ýabany, ýerli sortlarynyň hem-de, gadymy görnüşleriniň ösýän ýerleri bellige alnyp, olaryň ýitip barýan sort görnüşleri merkeziň nahalhana bölümçesinde sapuw işlerini geçirmek arkaly ýerine ýetirilýär.
Merkeziň baş wezipeleri:
- medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlaryny, aýratyn-da, Türkmenistanyň daglyk ýerlerinde ösýän agaçlary we gyrymsy agaçlary, olaryň toplanan merkezlerinde ýüze çykarmak we aýap saklamak boýunça köptaraplaýyn barlaglary geçirmek;
- miweli, subtropiki, hoz-miweli ösümlikleriň, üzümiň we beýleki ylmy hem amaly taýdan peýdaly ösümlikleriň genefondyny ýygnamak we ylmy taýdan barlamak;
- dünýä florasyndan ýygnalan janly, genefond kolleksiýalaryny uzak wagtlap saklamagy gurnamak; barlaglaryň esasynda olardan genetiki durnukly sortlary, nusgalyklary, bölüp alyp, häzirki we geljekki seleksiýa işleri üçin peýdalanmak; şol işleriň hem kolleksiýalary saklamagyň usullaryny, tärlerini işläp düzmek;
- ýygnalan bag kolleksiýalaryny hemme taraplaýyn öwrenmek, önümçilik üçin gymmat häsiýetli genetiki çeşmeleri saýlap, olary seleksiýa merkezlerinde ulanyp, medeni ösümlikleriň täze sortlaryny döretmekligi gatnaşmak;
- bag kolleksiýalarynyň tohumlaryny, çybyklaryny, nahallaryny Türkmenistandaky ylmy edaralara, olaryň haýyşlaryna görä, önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen seleksiýa işlerinde peýdalanmak üçin ibermek;
- saýlanan we raýonlaşdyrylan sortlary köpeltmek, olary ösdürip ýetişdirmek üçin degişli edaralara kömek bermek;
- subtropik, günorta miweli bag ösümlikleriniň hem üzümiň we beýleki tehniki ösümlikleriň hasylly sortlaryny we görnüşlerini saýlamak hem-de, önümçilige ornaşdyrmak;
- daşary ýurtlardan gelýän ösümlikleriň, tohumlaryndan, çybyklaryndan, nahallaryndan karantin meýdanlarynda ösdürip ýetişdirip, hemme taraplaýyn öwrenip, degişli edaralara bermek;
- ministrlikler, edaralar, döwlet, hususy we jemgyýetçilik pudagynyň guramalary bilen köptaraplaýyn ylmy maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça, özara gatnaşygy, hyzmatdaşlygy guramak hem amala aşyrmak.
- gurak şertler üçin, ýokary derejedäki arassalaýjy, dynç alyş we owadanlyk (estetik) täsiri bolan agaç we gül-bezeglik ösümliklerini köpeltmegiň we ösdürip ýetişdirmegiň öňdebaryjy tilsimatlaryny işläp düzýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm