Maldarçylyk we Weteraniýa Ylmy - Önümçilik merkezi

1186

Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň garamagyna berildi.
Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde “Maldarçylyk” we “Weterinariýa” bölümleri hem-de hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Epizootologiýa” we “Ýüň we deri” barlaghanalary hereket edýär.
Alnyp barylýan ylmy – barlag işleriň maksady, ýurdymyzda oba hojalyk mallarynyň dürli görnüşleriniň genofonduny saklamak we kämilleşdirmek, seçgi geçirmek arkaly olaryň ýokary önümli täze toparlaryny döretmek, mallary dürli kesellerden goramagyň ygtybarly usullaryny işläp düzmek, täze weterinar derman serişdelerini döretmek we önümçilige hödürlemek, “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň mümkünçiliklerini maldarçylygy ösdürmekde peýdalanmagy ylmy taýdan esaslandyrmak ýaly meseleler bolup durýar.
“Epizootologiýa” barlaghanasynda mallaryň otbaş keseline garşy kapsulasyz sporaly täze waksinany işläp düzmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şeýle hem, bu barlaghanada weterinar derman serişdelerini öndürmek işi alnyp barylýar. Bu ugurda mallaryň aýratyn howply, ýokanç brusellýoz keseline garşy sanjym waksinasynyň, bu keseli anyklamak üçin antigenleriň her ýylda ýeterlik mukdary öndürilip ýurdymyzyň maldarçylyk hojalyklary bu bioserişdeler bilen doly üpjün edilýär.
“Ýüň we deri” barlaghanasy Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň synag laboratoriýasy bolup durýar. Barlaghanada ýurdumyzyň telekeçileri we beýleki ýuridiki şahslar tarapyndan taýýarlanan oba hojalyk mallarynyň (dowar, düýe, gara mal) ýüň we deri çig mallarynyň hilini seljermek boýunça işler alnyp barylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm