HALKARA YLMY-TASLAMA BÄSLEŞIGINE BADALGA BERILDI

163
2-nji iýunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Ylymlar güni mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ylmy-taslama bäsleşigine badalga berildi. Onuň çäginde bäsleşigiň ugurlaryna degişli ylmy-taslamalaryň sergisi hem guraldy.

Bu ylmy-taslama bäsleşigi Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, üçünji gezek guralýar.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda bellenişi ýaly, 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi kabul edildi. Türkmenistan Gün tertibini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüşiň 17 maksadynyň ählisini ilkinjileriň hatarynda resmi taýdan kabul eden ýurt boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty köpmaksatlaýyn häsiýete eýedir we özüniň manysy boýunça durmuşy bähbitlere gönükdirilip, munuň özi Durnukly ösüşiň maksatlaryna (DÖM) laýyk gelýär» diýlip nygtalýar. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem bu ugurdaky dünýä nusgalyk işleriň ykrarnamasydyr.

«Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Türkiýe, Gazagystan, Hytaý, Belarus, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 131 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 36 sany ylmy-taslama işiniň awtorlary gatnaşýarlar. Geljekde bu işleriň durmuşa geçirilip, Durnukly ösüş maksatlarynyň 6 ugry — açlygy ýok etmek; arassa suw we arassaçylyk; elýeterli we arassa energiýa; howanyň üýtgemegine garşy göreş; deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak; gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak babatda dünýäniň durnukly ösüşine goşant goşjakdygy aýratyn guwandyryjydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52