HYTAÝYŇ SINZÝAN-UÝGUR AWTONOM RAÝONYNYŇ WEKILLERI UNIWERSITETIMIZDE MYHMANÇYLYKDA BOLDULAR

26
Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk, bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. 2025-nji ýylyň 29-njy iýuny — 2-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň Halk Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar. Saparyň maksady oba hojalyk pudagynda, söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Saparyň çäklerinde — 30-njy iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň Halk Hökümetiniň, Suw serişdeleri departamentiniň, Oba hojalyk we oba işleri departamentiniň, Haýwanlar boýunça akademiýasynyň, Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň, Sinzýanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň, oba hojalyk, biotehnologiýa, söwda-işewürlik kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlar, ilki bilen, ýurdumyzyň baýry ýokary bilim ojagy hasaplanýan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guralan oba hojalyk önümleriniň we oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlaryna degişli taslamalaryň sergisine tomaşa etdiler. Sergide uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň  gazanan üstünlikleri, şol sanda diplomlarydyr medallary hem görkezildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, iki ýurduň hormatly döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek», Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýalary utgaşykly durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly geçmişde yklymlary birleşdiripdir. Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýoluň ýüregi — hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi. Täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen alşylýan bilim-tejribeler, medeni gatnaşyklar bilelikde belent sepgitlere ýetmäge ýardam edýär. 

Türkmen-hytaý ylym-bilim gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Mysal hökmünde alsak, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda geçirilýän halkara forumlara, bäsleşiklere, şol sanda şu ýyl hem guralan halkara ylmy-taslama bäsleşigine hytaýly ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Dürli ýyllarda wekillerimiz Hytaýda saparda boldular. 

Soňra ýokary okuw mekdebi we onuň gazananlary barada gürrüň berildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzda ilkinji bolup Hytaý Halk Respublikasynda esaslandyrylan Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Biz oba hojalyk toplumynyň ösüşini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys» diýip nygtaýşy ýaly, berkarar döwletimiziň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hem ylmy-barlag işlerini önümçilik bilen utgaşykly alyp barmaga, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Uniwersitetiň kafedralarynyň ylmy-barlag işleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň meýilnamasyna girizilen birnäçe temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uniwersitetimiziň halkara hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrylýar. 

Myhmanlar Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň aýratynlyklary, mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, geljekde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52