S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ TALYPLARY ÖZBEGISTANDA TEJRIBELIK GEÇÝÄRLER
26Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary okuw mekdebimiziň halkara hyzmatdaşlygy barha rowaçlanýar. Okuw, önümçilik tejibelikleri döwründe talyp ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda nazary bilimlerini amalyýetde berkitmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär.
6 — 17-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymy, 10 talyby hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymy, 10 talyby Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda tejribelik geçýärler. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Onuň çäklerinde guralýan tejribelige gatnaşýan ildeşlerimiz özbek topragynda mähirli garşylanyp, olar üçin baý bilim-medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň esasy maksady talyplaryň alan nazary bilimlerini tejribede berkitmekden, özara tejribe alyşmakdan, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Talyplarymyz hem-de olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň taryhy we häzirki alyp barýan işleri, ýurduň oba hojalygynyň ösüşine goşýan goşandy bilen tanyşdyryldy. Olar hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň okuw binalaryna, tejribehanalaryna hem-de ýapyk we açyk görnüşli sport meýdançalaryna baryp, olarda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Şeýle-de institutyň we ýurduň oba hojalygynyň taryhy, traktorlaryň we oba hojalyk maşynlarynyň kämilleşdirilişi bilen tanyşdyrýan muzeýe hem aýlanyp gördüler. Ýurdumyzda geçirilýän çärelere, ylym-bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşýan alym, Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň professory Ilhom Begmatow hem-de beýleki mugallymlar oba hojalygynda irrigasiýa, mehanizmleşdirmek hem-de inženerçilik boýunça nazary hem-de amaly tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýle-de ildeşlerimiz Daşkent şäheriniň ylym-bilim ojaklaryna, oba we suw hojalyk desgalaryna, taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp gördüler. Saparyň çäginde «Smart Solutions System» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň talyplaryň okuwlaryny guramak, onuň netijelerine gözegçilik etmek boýunça döwrebap sanly ulgamy bilen tanyşdylar. Tejribeligiň çäklerinde özbegistanly hünärmenler ýurduň suw hojalygynda ulanylýan enjamlar, «akylly» tehnologiýalar, suw ölçeýjiler barada gürrüň berdiler.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 25-nji iýuny — 4-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçdiler. Şeýle tejribelikler türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny, bilim, oba hojalygy ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, oba hojalyk bilimi ugrunda özara tejribe alyşmagy ösdürmekde örän netijelidir. Tejribelige gatnaşýanlar okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri üpjün edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny beýan edýärler.
