YLMY-AMALY MASLAHAT HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLANDY
832025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň, şol sanda täze bilim ojaklarynyň açylmagynyň ähmiýetine, bilim özgertmeleriniň miwelerine aýratyn üns berildi. Onda söz sözlänler bilimi täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi hasaplap, bilim ulgamyny täze, has belent derejelere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Maslahatda milli bilim özgertmeleri, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ylym-bilimiň, terbiýäniň çeşmesidigi hakynda çykyşlar diňlendi. Ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji ýokary hünär bilimi edarasynyň — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Oba we suw hojalygyndaky innowasiýalar, hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmegiň durnukly ösüş maksadydygy, bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygy barada bellenildi.
Çykyşlarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä nusgalyk işleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri, şol sanda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň we Awaza syýasy Jarnamasynyň taryhy ähmiýeti wagyz edildi.
Maslahat ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapyp, döwrebap bilim özgertmeleriniň waspy ýetirildi.
Soňra maslahatyň işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi ösdürmegiň ugurlary», «Sanly bilim — ösüşlere badalga», «Oba hojalyk toplumynda bilim binýatly, ylmy esasly ösüşler», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň», «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki möhüm resminamalaryň esasy wezipeleri hakynda pikir alşyldy. Çykyş edenler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim ulgamynda ileri tutulýan ugurlar, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde gazanylanlar, ýagny sanly bilim ulgamy we onuň mümkinçilikleri, agrosenagat toplumyndaky ylmy esasly ösüşler hakynda buýsançly gürrüň etdiler.
Rahmanberdi NÖKEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň ekerançylyk önümlerini
gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy.