BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI, TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI

118
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Bilimler we talyp ýaşlar güni, 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Ilkinji jaň» dabarasy Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine Gutlagy uly buýsanç bilen okaldy. Dabarada edilen çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglar aýdyldy.

— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärleriniň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň onlarçasy, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti dabaraly açylyp ulanmaga berilýär. Bu gün hünär okuw mekdeplerine gadam basýan talyplarymyz üçin hem ýatdan çykmajak günleriň biri — diýip, çykyşlarda aýdyldy.

Täze okuw ýylyndan Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa kabul edilen 1-nji ýyl talyplaryň 600-si uly ynam, yhlas bilen bilim ojagynyň gujagyna doldular. Olaryň ählisine geljekde uly üstünlikler, sowatly, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmekleri, ylym-bilimler dünýäsinde ak ýol arzuw edildi. Hormatly professor-mugallymlara döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly-bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda alyp barýan işlerinde geljekde-de rowaçlyk, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň dowamat dowam bolmagy barada arzuwlar, uçurymlaryň hem-de 1-nji ýyl talyplaryň sözlän sözleri, aýdym-sazly çykyşlar göwün göteriji boldy.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde uniwersitetiň gazanan üstünlikleriniň, ylmy taslama işleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, oba hojalyk önümleriniň sergisi guraldy. 1-nji ýyl talyplar sergä, uniwersitetiň çägindäki muzeýe, okuw merkezlerine aýlanyp gördüler. Günüň ikinji ýarymynda 1-nji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

Dabara gatnaşyjylar bilimi täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi hasaplap, bilim ulgamyny täze, has belent derejelere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52