GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÄZE KITAPLARYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GURALDY

17
16-njy oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden, dabaraly bellenilen günlerinde giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler, ilki bilen, şeýle gymmatly kitaplary peşgeş berendigi üçin Gahryman, alym Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyp, ajaýyp ylmy, syýasy, çeper eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 17 jiltden ybarat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işi tebigatyň we ynsan saglygynyň ajaýyp sazlaşygynyň syrlaryny özünde jemleýän genji-hazynadyr. 

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen kabul edilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy dabaralandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda bu maksatnamanyň rejelenen görnüşi hem kabul edilip, giň gerimde durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby şu geçen döwürde gazanylanlary giňişleýin beýan edýär.

Kitapda il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýändigi, saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy, Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalary, keselleriň öňüni almagyň sagdyn durmuşyň esasydygy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady, maliýe üpjünçiligi barada beýan edilýär. Şeýle-de sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek, «Sagdyn ene — sagdyn nesil» düşünjesi, döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary, hassahana bejergisi, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, kardiologiýa, pulmоnоlogiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklary barada maglumatlar berilýär. Bu kitaby okap, derman senagatyndaky ösüşler, ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi, melhemli şypahanalar, saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler, saglygy goraýşyň kanunçylyk binýady, saglygy goraýyşda sanly ulgamyň peýdalanylyşy bilen içgin tanyşmak mümkin.

Täze kitapda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň şäherdir obalarynyň döwrebap keşbinden sagdyn durmuş ýörelgeleriniň mazmuny açylýar. Çünki saglyk bar ýerinde, ähli ýer owadan, bir tara düzülen deýin sazlaşykly görünýär.

Daşky gurşawy we adamyň saglygyny goramak maksady bilen, oba hojalyk tejribesine ösümlik kesellerine hem-de zyýankeşlerine garşy göreşmekde ekologiýa taýdan howpsuz biologik we agrotehniki usullar ornaşdyrylýar. Oba hojalygynda himiki serişdeleriň ulanylyşyna hemişelik gözegçiligi girizmäge aýratyn üns berilýär.

Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çap edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Milli Liderimiziň şeýle gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, dünýä nusgalyk beýik işleriniň geljekde hem rowaç almagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52